Sepleriň elýeterliligi

Ukraina "Ýewrowideniýä” rus aýdymçysyny goýbermezligi mümkin


Rus aýdymçysy Ýuliýa Samoýlowa

Ukrainanyň esasy howpsuzlyk gullugynyň (SBU) aýtmagyna görä, üstümizdäki ýyl “Ýewrowideniýe” aýdym ýaryşyny guramalaşdyrýan Ukrainanyň Orsýetden bu ýaryşa gatnaşjak aýdymça ýol bermezligi mümkin. Sebäp onuň Orsýet tarapdan zor bilen anneksiýa edilen Krymda çykyş edenligi.

“SBU bu meselä garaýar. Ol onuň [aýdymçynyň] ukrain territoriýasyna girmegi barada oýlanşykly karara geler” diýip, SBU-nyň metbugat wekili Olena Hitlýanska 13-nji martda “Facebook” saýtynda aýtdy.

Onuň bellemegine görä, gelnen karar ukrain kanunynyň esasynda bolar. Bu kanunda bolsa Ukraina öňünden Kiýewden rugsat alman Orsýetiň kontrollygyndaky Kryma baran adamlara gadaganlyk girizmek hukugy berilýär. Şol sebäpden Kiýew geçen ýyl orsýetli 140 artisti gara sanawa girizdi.

2016-njy ýylyň bäsleşiginde aýdymçysy ýeňiji bolansoň, Ukraina 62-nji “Ýewrowideniýe” ýaryşyny gurnamak hukugyny gazandy.

12-nji martda Moskwa bu ýylky ýaryşa Orsýetiň tarapyndan 27 ýaşly aýdymçy Ýuliýa Samoýlowanyň gatnaşjakdygyny yglan etdi.

Seýrek muskul näsazlygyndan ejir çekýän Samoýlowa 2015-nji ýylyň iýun aýynda, ýagny Orsýet Ukrainanyň ýarym adasyny basyp alyp, özüne birikdireninden bir ýyldan gowrak soňra, Krym şäheri Kerçde “Sport we merhemet dünyäsı” festiwalynyñ gala-konsertinde çykyş etdi. Aýdymçy çagalykdan bäri maýyplaryň tigirli oturgyjyndan peýdalanýar.

Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin “Liga.net” habar saýtyna howpsuzlyk gullugy Samoýlowa barada derňew geçirýär diýdi.

“Meniň pikirimçe, kanun hemmelere deň bolmaly. Orsýet ençeme ýyllap prowokasiýa işlerini alyp bardy” diýip, Klimkin aýtdy.

Ýöne Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň aýtmagyna görä, Samoýlowany döwlet tarapyndan dolandyrylýan “Kanal bir” özbaşdak saýlapdyr.

“Biz bu ýerde prowokatiw zat göremzok. Hakykatyna seretseň, hemme adam Krymda boldy. Ol ýere syýahata barmadyk adamy tapmak kyndyr” diýip, Peskow aýtdy.

Ol soňra hem: “Ýewrowideniýe ýaryşy syýasylaşdyrylmaly däl, bu hemmelere belli zat. Biz bu bütinleý kabul ederliksiz diýip pikir edýäris” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Orsýet geçen ýyl krymly tatar Jamalany ýaryşa ibermek bilen bäsleşigi syýasylaşdyrdy diýip, Ukrainany aýyplapdy. Jamalanyň aýdymynda kyrkynjy ýyllarda uruş döwründe tatarlaryň sowet lideri Iosif Stalin tarapyndan köpçülikleýin sürgün edilmegi tankytlanýardy.

Ukrainada çaklanmagyna görä, maýda geçjek ýaryşa gatnaşjaklaryň sany 12 müň bilen 14 müň aralygynda bolar, millionlarça adam hem oňa telewideniýede tomaşa eder.

XS
SM
MD
LG