Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň daş-töwereginde ozal ekilip, soňra idegsiz galdyrylan ýüzlerçe baglaryň oýulyp ýatan çukurlaryny görse bolýar.

Bu etrapçanyň ýaşaýjylarynyň bu ýere göçüp gelenlerine 4 ýyldan gowrak wagt boldy. Ýaşaýjylaryň özara gürrüňlerinden çen tutsaň, bu etrapçany häkimlikler tarapyndan unudylan etrapça diýip atlandyrsa bolýar.

Etrapçanyň golaýyndan geçýän köp gatnawly Baba Annanow köçesiniň iki gapdalynda ekilen baglara Jemagat hojalygy ministrligine degişli gülçülik we bagçylyk kommunal kärhanasynyň işgärleriniň gözegçilik edýändigini görse bolýar.

Emma köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregindäki baglara ne-hä kommunal kärhanasynyň işgärleri gözegçilik edýärler, ne-de ýaşaýyş jaý müdirlikleri gözegçilik edýärler. Netijede, tomsuň jöwzaly günlerinde agaçlar guramak bilen bolýar.

Parahat-7 etrapçasynyň efirde adynyň tutulmazlygny soran ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, jaýlar gurlup, ulanyşa tabşyrylýan wagtlary, onuň daş-töweregi arça agaçlary bilen bezelip, soňra tabşyrylýan ekeni.

Bu agaçlary satyn almak üçin, döwlet gaznasyndan näçe serişdäniň sarp edilýänligi ýaşaýjylara anyk bolmasa-da, onuň hasaby bir ýerde ýöredilýändir. Emma olaryň idegsiz gurap galmagy üçin, hiç bir ýolbaşçy jogapkärçilik çekmeýär.

Habar serişdelerinde bolsa, häli-şindi ýowar geçirilýändigi, millionlap agaç nahallarynyň oturdylýandygy barada mahabatly gepleşikler berilýär.

“Agaçlaryň guraýandygy barada söz aýtmag-a däl, olaryň guraýan faktlary barada degişli edaralara habar berseň-de, hiç bir çäre görülmeýär” diýip, özüniň bu mesele bilen Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasyna, Jemagat hojalygy ministrligniň arza-şikaýat bölümine hem arza bilen ýüz tutandygyny, arzalary derňemäge gelen toparyň bolsa bu faktlary tassyklap yzyna dolanandyklaryny, emma hiç bir üýtgeşikligiň bolmandygyny bu ýeriň ýaşaýjysy Garly aga aýdýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdallarynda ösüp boý alan agaçlar hem bar. Ol agaçlaryň bolsa ýaşaýjylaryň öz zähmetleri bilen kemala gelýändigi aýdylýar. Ozal tipli jaýlarda ýaşap, bag ekmek, olary idetmek bilen meşgul bolan ýaşaýjylaryň kä birisi köp gatly jaýlara göçüp gelenlerinden soňra hem, ellerini tutup boş oturyp bilmän, öz otaglarynyň penjireleriniň öňünde, idegsiz guran arçalaryň ýerine dürli agaçlary ekip, olara ideg edýärler.

“Ine, şeýle ýaşaýjylaryň zähmeti bilenem ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töwereginde birnäçe agaç ösüp boý alýar. Emma ozaldan döwlet tarapyndan ekilen baglary çagalaryň döwüp-ýenjip basgylaýan halatlaryna hem duş gelse bolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, olaryň ählisi diýen ýaly ýyla ýetmän gurap ýok bolup gidýärler. Esasan hem olar idegsiz galyp guraýarlar” diýip, şol ýaşaýjy aýdýar.

“Agşamlaryna ýaşaýyş jaýlarynyň töwerek-daşyna gezmelemäge çykan halatyňda, guran agaçlaryň oýulyp ýatan ýerlerine gözüň düşende, beýle-de bir eýeçiliksiz zat bolarmy diýip, başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG