Sepleriň elýeterliligi

Yahoo portalyna hüjüm bilen baglylykda ABŞ-nyň dört adama günä bildirjegi aýdylýar


Yahoonyň logo belgisi

Yahoonyň logo belgisi

Media maglumatlarynda ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Yahoo portalyna uly göwrümli hüjümiň amala aşyrylmagy bilen baglylykda gysga wagtda dört adam babatynda jenaýat aýyplamasyny çykarjagy, olardan üçüsiniň orsýetlidigi habar berildi.

Reuters we Bloomberg ady gizlin saklanýan resmilere salgylanmak bilen ABŞ-nyň Adalat departamentiniň beýannamasynyň 15-nji martda ediljekdigini mälim etdiler.

Aýyplanýan adamlar Orsýetde we Kanadada ýaşaýarlar.

2014-nji ýylda saýta edilen haker hüjüminiň netijesinde sentýabr aýynda Yahoonyň 500 milliondan gowrak ulanyjylaryň şahsy maglumatlary paş edilipdi. Dekabr aýynda kompaniýa 2013-nji ýylda ýene bir hüjümiň bolandygyny boýun aldy we onuň milliarddan gowrak ulanyja täsir ýetirendigini aýtdy.

Agzalan wakalar taryhdaky iň uly kiber hüjümler bolupdy.

XS
SM
MD
LG