Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Katary TOPH proýektine gatnaşmaga çagyrdy


Katar-Türkmen baýdaklary, TDH-nyň fotosuraty
Katar-Türkmen baýdaklary, TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistan Katary TOPH proýektine maýa ýatyrmaga çagyrdy, emma Aşgabadyň çagyryşyna Dohanyň nähili jogap berendigi aýdylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Kataryň kompaniýalaryny "Türkmenistanyň çäginde gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa we gazhimiýa zawodlarynyň döredilmegine, halkara gaz geçirijileriniň gurluşygynyň taslamalaryna gatnaşmaga" çagyrdy.

“Häzirki döwürde biz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga girişdik” -diýip, türkmen lideri TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümleriniň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýdypdyr.

Gol çekilen dokumentleriň arasynda energiýa pudagyna dahylly diňe bir resminama - "Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama" bar.

Mundan öň Katar metbugaty türkmen wise-premýeri Batyr Atdaýewiň Katardaky ykdysady forumda çykyş edip, ýerli biznesmenleri Türkmenistanda maýa ýatyrmaga çagyrandygyny habar beripdi.

Atdaýew olara öz ýurdunyň daşary ýurtly iş adamlary üçin bir topar azat zonany döredendigini, katarly binesmenleriň hususy pudakda hem, jemgyýetçilik pudagynda hem deň derejede maýa ýatyryp biljekdigini aýdypdyr.

Soňky döwürde Aşgabadyň TOPH proýektini maliýeleşdirmek üçin uly möçberde maýa agtarýandygy, türkmen tarapynyň maliýe problemalary sebäpli bu geçirijiniň ulanmaga beriljek möhletiniň bir ýyl yza süýşürilendigi aýdylýar.

Şu ýagdaýdan çen tutulsa, prezident Berdimuhamedowyň Katara saparynyň esasy maksady TOPH üçin maýadar tapmak bolmaly.

Azat Ýewropa Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer Türkmenistanyň geçen ýylyň başyndan bäri Saud Arabystany ýaly ýurtlardan, Yslam ösüş bankyndan we beýleki ýerlerden pul gözleýändigini aýdýar. Emma, ekspertiň pikirine görä, Türkmenistanyň ýagdaýyndaky ýurduň ýatyrylan maýa nähili kepillik hödürläp biljegini göz öňüne getirmek hem kyn.

«Mysal üçin, Hytaý Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmek we geçirijigurmaküçin uly möçberde karz pul berdi,bu puluň şol geçirijiden Hytaýa akdyryljak gaz bilen tölenjekdigi düşnükli. Eger şunuň ýaly kepillik ýok ýerinde, sen näme üçin Türkmenistana milliardlap dollar maýa ýatyrarsyň? Hökümet saňa diňe ýatyran puluňy yzyna aljagyňa däl, girdeji almaga hem kepillik bermeli» diýip, Panniýer aýdýar.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň bilelikde kompaniýa gurup, girdejileri paýlaşmak şertinde hem işleşip bilmeýändigini,käbir ýagdaýlarda bolsa Aşgabat bilen işleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň öz pullaryny yzyna alyp bilmeýändigini belleýär.

«Türk gurluşyk kompaniýalaryna seret, olaryň birtopary türkmen tarapynyň wadalary esasynda proekt düzdi we indi pullaryny alyp bilmän, sudlaşyp ýörler» diýip, Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamow hem TürkmenistanyňKatar döwletine alan karzyny gaýtarmak kepilligini berip, olary ynandyryp biljegine şübheli garaýar.

Şeýle-de ol mundan öň Türkmenistanda işlän türk kompaniýalarynyň köpüsiniň esasan türkmen tarapynyň puluna işländigini we bu ýurda pulsuz gelip, türkmen serişdeleriniň hasabyna atly firmalara öwrülip gidendigini belleýär.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowgeçen ýylyň aprelinde Kataryň Olimpia komitetiniň başlygy Jauan bin Hamad Al-Tanini Aşgabatda kabul edende, Kataryň işewür toparlaryny tebigy gazy gaýtadan işlemek baradaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamanyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrypdy.

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert B.Panniýeriň pikirine görä, eger-de Türkmenistan bilelikde kompaniýa gurup, girdejileri paýlaşmak şertinde işleşse, iki tarapyň arasyndaenergiýa pudagynda işleşmegiň käbir mümkinçilikleriniň tapylmagy-da mümkin.

Emma muňa garamazdan, wise-premýer AtdaýewDohada guralan ykdysady forumda katarlylaryň türkmen egirme-dokma senagatyna, oba hojalyk, saglyk, syýahatçylyk, gurluşyk pudaklaryna maýa ýatyryp biljekdigini aýdýar we energiýa pudagyny asla agzamaýar.

Ikinji tarapdan, ekspert Panniýer-de, öňki ilçi we şindiki oppozisiýa agzasy Hanamow-da Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýyny TOPH proektine maýa ýatyrjak taraplary çynlakaý oýlandyrjak mesele hasaplaýar.

Bu G.Berdimuhamedowyň 98 prosente golaý ses alyp, üçünji möhlete prezident saýlanandan soň daşary ýurda eden ilkinji sapary boldy.

XS
SM
MD
LG