Sepleriň elýeterliligi

"TOPH-yň geçjek böleginde 'Talybandan' başga-da onlarça ekstremist topar bar"


Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň liderleri TOPH proýektiniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşýarlar. 2015-nji ýyl. Türkmenistan.

Russiýa TOPH gaz geçiriji proýektini goldaýandygyny we onuň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

“Interfaks” habar agentliginiň maglumatyna görä, Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Andreý Awetisýan bu barada Owganystanyň Moskwadaky ilçisiniň rus işewürlerine ýüzlenip, olary dürli ýyllarda gurlan obýektleri dikeltmek üçin maýa ýatyrmaga eden çagyryşyny kommentirläp eden çykyşynda mälim etdi.

Russiýa Gyrgyzystandan we Täjigistandan Owganystanyň we Pakistanyň üstünden geçýän elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygy boýunça köptaraplaýyn proýekte gatnaşmaga taýýar, şeýle hem beýleki köptaraplaýyn proýekt – Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üstünden Hindistana tarap (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldaýar we oňa gatnaşmaga taýýar diýip, Awetisýana salgylanyp “Interfaks” habar berýär.

Şol bir wagtda-da, rus ilçisiniň Owganystanda howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýyň “gowulanmak däl-de, mundan beýläk has-da ýitileşmegine berk tendensiýa bar” diýip, belländigi maglumatda aýdylýar.

'Howpsuzlyk barha ýaramazlaşýar'

Gurluşygyna 2015-nji ýylyň aýagynda badalga berlip, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhletiniň 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdiriljegi 30-njy ýanwarda habar berlipdi.

Resmi Aşgabat umumy bahasy ortaça 10 milliard amerikan dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan edipdi. Uzynlygy ortaça 1814 kilometre barabar bolan gaz geçiriji arkaly ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady häzir TOPH-yň Owganystandan geçjek böleginde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşýandygyny, ekspertleriň bu proýektiň amala aşmak ähtimallygyna şübheli garaýandygyny aýdýar.

“Hyrat, Farah, Hilmend, Gandahar ýaly bäş welaýatda howpsuzlyk şertleri günsaýyn ýaramazlaşýar. Etrap, obalaryň hemmesi jeňçileriň eýeçiliginde galýar. Hyrat welaýatynyň territoriýasynyň 40%-niň jeňçileriň eýeçiliginde galýandygyny, onsoňam türkmen-owgan serhediniň çäklerinde-de jeňçileriň hereket edýändigini resmiler aýdýarlar. Hatda häzir ulag ýollary hem howply bolup durýar. Şonuň üçin TOPH proýektini amala aşyrmagyň kyn bolmagynyň ähtimaldygyny synçylar öňe sürýärler” diýip, Myrady aýtdy.

"Talybanyň" beýanatyna bil baglap bolarmy?

Ýöne Myradynyň sözlerine görä, ýakynda Talyban hereketi milli bähbitli proýektlere, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna özleriniň zyýan ýetirmejekdigini yglan etse-de, diňe bu beýanata bil baglap, bu proýektiň amala aşjakdygyny aýdyp bolmaz.

“Talyban diýen bolsa, onda onuň belki, TOPH ýaly uly energetika proýektlere zyýan ýetirmezligi mümkin. Emma Owganystanda häzir diňe Talyban däl, ondan başga-da 20-30 ýaragly toparlar hereket edýär diýip, owgan resmileri boýun alýarlar. Şonuň üçin diňe Talybana bil baglap, bu proýektiň işi başa barar diýmek kynrak diýip synçylar aýdýarlar” diýip, Myrady belledi.

Türkmenistanyň hökümetindäki käbir çeşmeler Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, türkmen hökümetiniň TOPH proýektiniň wagtynda tamamlanmagyna umyt baglamaýandygyny, eger bu proýekt 2023-nji ýyla çenli amala aşsa, onda munuň uly üstünlik boljakdygyna ynanýandyklaryny aýtdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gazynyň ýeke-täk müşderisi Hytaý bolup, bu ýurda “A”, “B” we “C” gazgeçiriji liniýalary arkaly ýylda takmynan 30 milliard m3 türkmen gazy akdyrylýar. 2016-njy ýylda Russiýa türkmen gazyny import etmek boýunça baglaşylan ylalaşygy ýatyrdy. 2017-nji ýylyň başynda Türkmenistan şertnamadaky oňşuksyzlyklar sebäpli Eýrana akdyrýan gazyny kesdi.

Mundanam başga, şu aýyň başynda Türkmenistanyň gaz ýataklaryny günbatar Hytaýa birikdirýän dört gaz geçirijiniň iň ulusy, ýagny “D” liniýasynyň gurluşygy togtadyldy. Bu liniýa Türkmenistandan başlanyp, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň üstünden geçmeli we günbatar Hytaýa barmalydy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG