Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp täzelenen kararyny doňduran sudýany 'öte geçmekde' aýyplaýar


Donald Tramp Naşvilde, Tennesside çykyp gürledi.
Donald Tramp Naşvilde, Tennesside çykyp gürledi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň gaýtadan sereden syýahat gadaganlygyny togtadan federal sudýany «görlüp-eşidilmedik sud öte geçmesinde» aýyplady.

ABŞ-nyň etrap sudýasy Derrik Watson 15-nji mart güni giçlik, güýje girmezinden birnäçe sagat öň, täzelenen hökümet kararynyň öňüni baglaýan karar çykardy.

Ol bu syýahat gadaganlygynyň konstitusiýa ters gelýändigine we Hawaýi ştatyna hem-de onuň ýaşaýjylaryna «düzedip bolmajak» zyýan ýetirjegine delil tapandygyny öňe sürýär.

Prezident Trampyň hökümet karary esasan musulman ilatyndan ybarat alty ýurduň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara syýahat etmegini, şol sanda ýurda bosgunlaryň goýberilmegini wagtlaýyn gadagan edýär. Bu hökümet karary 16-njy martda güýje girmelidi, emma Hawaýide ýerleşýän sudýanyň karary onuň güýje girmejekdigini aňladýar.

"Bu köpleriň pikirine görä görlüp-eşidilmedik sud öte geçmesi bolýar" diýip, Tramp aýtdy. Ol Naşvilde, Tennesside çykyp gürledi we täzeden seredilen hökümet kararynyň terrorçylaryň ýurda gelmeginiň öňüni baglamaga niýetlenendigini nygtap, onuň togtadylmagynyň «özlerini gowşadýandygyny» belledi.

Tramp bu karara garşy göreşjekdigini we eger-de zerurbolsa, Ýokary suda çenli barjakdygyny aýtdy. "Biz kanun söweşinde ýeňeris" diýip, ol žurnalistlere aýtdy.

"Konstitusiýa, eger-de ol bu ýurduň milli bähbitlerine laýyk diýip hasaplasa, prezidente immigrasiýany togtatmaga ygtyýar berýär" diýip, prezident aýtdy.

Togtadylan hökümet karary Trampyň başda 27-nji ýanwarda gol çeken syýahat gadaganlygy kararynyň täzeden seredilen we 6-njy martda gol çekilen görnüşidi. Bu karar Yrakdan we ýene alty ýurtdan – Eýrandan, Siriýadan, Sudandan, Somaliden, Liwiýadan we Ýemenden 90 günläp syýahatçy gelmegini gadagan edýärdi.

Iki hökümet karary-da, onuň başky görnüşi-de, täzesi-de bosgunlaryň ählisiniň Birleşen Ştatlara goýberilmegini 120 günläp gadagan edýär.

Hawaýiniň ozalky prezident Barak Obama tarapyndan bellenen sudýasy täze hökümet kararyna örän tankydy garaýar we onuň «hökümetiňmilli howpsuzlyk motiwasiýasyny tassyklamakda gümanly subutnama» daýanandygyny aýdýar.

Ol Hawaýi ştatynyň bu gadaganlyk ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň dini diskriminasiýa garşy Birinji düzedişine ters gelýär diýen delili sudlarda goldaw tapsa gerek diýdi.

Obýertiw synçy «Hökümet kararynyň aýratyn alnan bir dini garalamak maksady bilen çykarylandygy baradaky netijä geler» diýip, Watson ýazdy.

Ol alty sany Ýakyn Gündogar we Afrika ýurduny nyşana almagyň «yslamy nyşana almak» ýaly bolandygyny, sebäbi bu ýurtlaryň musulman ilatynyň90.7 prosentden 99.8 prosente çenli bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Prezident Trampyň syýahat gadaganlygy baradaky hökümet kararyny togtatmaga diňe Hawaýi ştaty synanmaýar.

Mariland we Waşington ştatlaryndaky sudlar hem 15-nji martda öz delillerini öňe sürdi we basym olaryň bu karara rugsat berilmelimi ýa däldigi barada karar çykarmagyna garaşylýar.

Adalat departamenti Watsonyň kararynyň delillendirilişiniň ýeterlik däldigini aýtdy we suduň prezidentiň milli howpsuzlyk meseleleri babatdaky giň kanuny ygtyýarlygyna gereginçe ähmiýet bermändigini öňe sürdi.

"Departament bu hökümet kararyny sudda goramagy dowam etdirer" diýip, Adalat departamenti aýtdy.

XS
SM
MD
LG