Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ýewropa barýan migrantlary saklamak boýunça ylalaşygy ýatyrmak barada haýbat atdy


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigine (ÝB) barýan migrantlaryň akymyny çäklendirmek boýunça ylalaşygy ýatyrmak barada haýbat atdy. Onuň bu aýdanlary Ankaranyň we Brusseliň arasynda söz urşunyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Bir ýyl mundan öň Ýewropada migrant krizisiniň güýçlenen wagtynda Türkiýe Gresiýa barýan migrantlaryň bikanun akymynyň öňüni almak boýunça gepleşik geçiripdi. Türkiýe öz çärelerine derek Ýewropa ýurtlaryna wizasyz syýahatçylyk üçin mümkinçilik we ÝB-ne agza bolmak üçin ýeňillik döredilmegini, şeýle-de bosgunlaryň Türkiýä iberilmegi üçin 6 milliard dollar kömegiň berilmegini isläpdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu Kanal 24 telekanalyna beren interwýusynda Türkiýäniň ylalaşyga gaýtadan garaýandygyny we eger ÝB öz borçlaryny berjaý etmese onuň ýatyryljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG