Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Tanymal aklawçynyň 23 ýyl tussaglyk möhletine ýene iki ýyl goşuldy


Adam hukuklaryny goraýan aklawçy Buzurgmehr Ýorow
Adam hukuklaryny goraýan aklawçy Buzurgmehr Ýorow

Täjigistanyň resmileri 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen adam hukuklaryny goraýan tanymal aklawçy Buzurgmehr Ýorowyň tussaglyk möhletini ýene iki ýyl uzaltdy.

Ýorowyň aklawçysy Mawlýuda Mamatkulowanyň 16-njy martda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Baş sud 15-nji martda onuň müşderisini suda hormat goýmazlykda we resmileriň göwnüne degmekde günäli tapypdyr we şol günüň özünde tussaglyk möhletini artdyrypdyr.

Ýorowyň aýaly Zarina Nabiýewa öz adamsynyň suduň kararyndan şikaýat etjekdigini AÝ/AR-na aýtdy.

Oktýabr aýynda Duşenbäniň şäher sudy Ýorowy hökümeti agdarmaga çagyryş etmekde we sosial närazylygy döretmekde günäli tapdy we 23 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sudda Ýorow özüniň günäli däldigini aýtdy we gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Ýorow prezident Emomali Rahmonyň hökümetiniň 2015-nji ýylda terrorçy topar diýip gadagan eden “Täjigistanyň yslam gaýtadan dikeldiş” partiýasynyň 13 agzasynyň aklawçysydy.

ABŞ-da ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy Ýorowyň dessine we şert goýmazdan boşadylmagyny talap etdi.

XS
SM
MD
LG