Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýa: Premýer-ministr Rutte parlament saýlawlarynda aşa-sagçy bäsdeşinden üstün çykdy


Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte, Gaaga, 15-nji mart, 2017.
Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte, Gaaga, 15-nji mart, 2017.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte dünýä derejesinde uly üns bilen syn edilýän parlament saýlawlarynda garaşylyşyndan has köp goldaw alyp, öz garşydaşy yslama garşy aşa-sagçy syýasatçy Geert Wildersden üstün çykdy.

“Niderlanddlar populizmiň nädogry görnüşine ‘Stop!’ diýdi” diýip, Rutte 15-nji martda saýlaw nokatlary ýapylansoň öz tarapdarlarynyň öňünde Gaagada eden çykyşynda aýtdy.

Sesleriň 90% çemesiniň sanalmagyndan soň Rutteniň merkezçi-çepçi “Azatlyk we Demokratiýa ugrundaky halk partiýasynyň” (WWD) 150 orunlyk parlamentde 33 ýeri eýeländigi mälim boldy. Bu görkeziji partiýanyň 2012-nji ýylyň saýlawlarynda gazanan 41 ornundan has kem bolan bolsa-da, saýlawlaryň netijeleri barada öňünden edilen çaklamalarda garaşylyşyndan aşdy.

Sýlawlaryň netijelerine görä, Wildersyň "Azatlyk Partiýasy" (PWW) 20 orun gazanyp, ikinji ýerde barýar.

Ýewropanyň liderleri, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker Rutteniň ýeňişini gutladylar we kanagatlanma bildirdiler. Junker Rutteniň ýeňişini “Ýewropanyň saýlany, ekstremizme garşy saýlaw” diýip atlandyrdy.

Saýlawlar ses berijileriň ýokary gatnaşyk derejesinde, ýagny 81% -niň gatnaşmagynda geçirildi.

XS
SM
MD
LG