Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Yahoo edilen hüjümde aýyplanýan şahsyýet gazak raýaty däl


ABŞ-nyň Federal howpsuzlyk býurosynyň (FBI) gözleg bildirişi, Waşington, 15-nji mart, 2017.

Gazagystanyň hökümeti Yahoo portalyna kiber hüjümi etmekde ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan günälenýän adamlaryň biri Karim Baratowyň gazak raýaty däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 15-nji martda eden beýannamasynda 22 ýaşly Baratow “Kanadada ýaşaýan, Kanadanyň we Gazagystanyň raýaty” diýildi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň 16-njy martda aýtmagyna görä, Gazagystanda doglan Baratow Kanadanyň raýatlygyny alyp, 2011-nji ýylda gazak raýatlygyny ýitiripdir.

Gazagystan goşa raýatlygy ykrar etmeýär.

ABŞ-nyň Adalat departamenti Baratowyň we üç orsýetliniň, şol sanda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) iki ofiseriniň 2014-nji ýylda Yahoo edilen hüjüme gatnaşygynyň bardygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG