Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň notarial kontorasyndaky nobatlar


Aşgabadyň notarial kontorasyndaky nobatlar

Şu ýylyň fewral aýynyň başyndan güýje giren täze düzgüne laýyklykda, ynanç haty ýok, ýa-da onuň möhletini geçiren sürüjilere salynýan jerimäniň möçberiniň 50 manatdan 600 manada çenli ýokarlandyrylmagy bilen bagly, Aşgabadyň döwlet notarial kontorasynda indi bir ýarym aýa golaý wagt bäri uly nobatlar emele geldi.

Aşgabatly ýaşaýjy Sapar aganyň aýtmagyna görä, ynanç hatyny almak üçin, notarial kontorasyna her günde 300-golaý adam nobata ýazylýar. Emma uzakly günüň dowamynda bary-ýogy 70-80-adam ynanç hatyny düzedip ýetişýärler.

Ir sagat 4-de, 5-e notarial kontora baranymda eýýäm 90- ýa 100-nji nobatlar bolýaryn. Gijeläp maşynyň içinde ýataýmasaň, ol ýerde ilkinji nobatlara ýazylyp ýetişmeýärsiň, munuň üçin ähli iş-aladaňy birýana oklap, sowuk howada ozal agşamdan, notarial kontoranyň öňünde maşynyň içinde ýatmaly.

Daňdan düzülýän sanawa ýazylyp, ol ýerde oturyp uzakly gün nobatynyň ýetmändigini, gijiräk gelsem nobatym ýeterle diýip, işine giden halatynda bolsa nobatynyň geçip gidendigini, şeýlelikde birnäçe gün bäri notarial kontora gatnap ýörendigini aýdyýan ýaşaýjylar sanardan kän.

Ynanç hatyny düzetmäge notarial kontorada bary-ýogy iki sany otagda kabul ediýärler. Öýlän sagat 17-00-da bolsa eýýäm kassa ýapylýar. Onsoň nobatyň ýeten bolsa-da öýüňe gaýdybermekden başga alajyň ýok. Şol günki ýazylan nobatyň bolsa indiki güne ýaramaýar. Eýýäm täze adamlar gelip, ozal agşamdan täze nobatlar düzülip başlaýar.Ol ýerde özüň durmasaň bolsa, ozalky sanawyň ýok edilip, täze sanaw düzülýän halatlary hem bolýar diýip, Sapar aga aýdyýar.

Notarial kontoranyň işgärleri bilen tanyş-bilişligiň bar bolsa, onda belli bir muzdyny berseň, nobata ýazylyp, wagtyňy ýitirip ýöremegiň hem geregi ýok, notarial kontorada tanyş-bilişler üçin, sagat 17-00-dan soň iş alynyp barylýandygy aýdylýar.

Bu nobatlar sebäpli wagtynda ynanç hatyny alyp bilmän, maşyn sürmäge synanyşýan sürüjiler bilen ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleriniň arasynda dawa döräp, uruş-sögüşe çenli baryp ýetilýändigi barada hem maglumatlaryň bardygyny ýaşaýjylar aýdyýarlar.


Ýeri gelende aýtsak sürüjide ynanç haty ýok bolup, ol ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň eline düşäýse, onda awtoulagy sürüp outran sürüjä ilkinji gezek 600 manat jerime salynýar hem-de awtoulag onuň elinden alnyp, döwlet awtoinspeksiýasynyň edara jaýynyň ýanyndaky awtoduralga äkidilýär.Soňra awtoulagyň eýesi hem, 300 manady bank hasabyna geçirenden soňra, ulagyny alyp gaýdyp bilýär.

Soňky çykan karara laýyklykda bolsa awtoulagyň eýesi diňe öz ýakynlaryna, ejesine-kakasyna, ogul-gyzyna ýa doganyna ynanç hatyny berip bilýär.

Ozal awtoulag söwdasyny ediýän telekeçilerden awtoulagy karzyna satyn alyp, ony ynanç haty bilen sürüp, taksiçilik edip, gazanç eden pulyndan bergisini üzüp bolýandygyny, bu täze kararyň çykmagy bilen şeýle söwdalaryň hem ýatyp galandygyny, her bir çykýan kararlaryň ilat üçin dürli kynçylyklary dörediýändigini ýaşaýjylar aýdyýarlar.

Esasy mesele bolsa, kabul edilýän kararlaryň ilata ýetirilmezden güýje girip, hereket edip başlaýandygy, ilat köpçüligi özleriniň ýolda saklanyp, täze karar barada eşidip galýandyklaryny aýdylýar.

Karar kabul edilenden soňra, metbugat üssi bilen ilaty habarly edip, täze kararyň ýerine ýetirilmegi üçin haýsydyr bir möhletiň berilýändigi barada hem habardar edilmeýändigi, şeýle sebäpler bilen hem, ilatyň ol ýa beýleki mesele bilen, häli-şindi nobatlarda duryp kösenmeli bolýandyklarny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG