Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Perizat we mahluk" kinofilmi indi Malaýziýada gadagan edildi


Bill Condon tarapyndan surata düşürilen "Perizat we mahluk" filmden bir pursat.
Bill Condon tarapyndan surata düşürilen "Perizat we mahluk" filmden bir pursat.

13 ýaş we ondan ulular üçin göz öňünde tutulyp surata düşürilen "Perizat we mahluk" atly kinofilm gomoseksuwal obraz bolany sebäpli mundan owal dürli ýurtlarda gadaganlara duçar bolupdy.

"Walt Disneý" kinokompaniýasy tarapyndan taýýarlanan "Perizat we mahluk" atly filmiň tomaşaçylara hödürlenmegi Malaýziýada gadagan edilipdir. Munyň bilen baglanyşykly jikme-jik maglumaty "Associated Press" habar gullugy berýär. Habarda aýdylşyna görä, kinofilmiň görkezilmegine ýerli senzura synçylary rugsat berenem bolsa, soň täze filmiň halk köpçüligine hödürlenmegi gadagan edilýär.

Bu kinifilm 16-njy martda Malaýziýada halka hödürlenmelidi. Ýöne onyň tomaşaçylara görkezilmegi häzirlikçe nämälim wagta çenli goýbolsun edildi. Gadaganlygyň sebäbi barasynda hiç hili düşündiriş berilmeýär. Aslynda filmiň ýurtda görkezilmegine "gomoseksuwal sahna" kesilip, aýrylandan soň rugsat berlipdir.

Mundan owal ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky bir kinoteatryň eýesi filmdäki gomoseksuwal obrazyň çagalara ahlak taýdan ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini nygtap, ol kinony görkezmekden saklanypdy.

Şol bir wagtyň özünde Russiýada ol kinofilm bilen baglanyşykly öz nägileligini bildiren döwlet Dumasynyň deputaty Witaliý Milonow hem filmiň tomaşaçylara hödürlenmezden owal gaýtadan derňelmeginiň zerurdygyny belläpdi.

13 ýaşdan ulular üçin surata düşürilen kinofilmde Lefu obrazy özi ýaly erkek bolan Gastona aşyk bolýar we ony ogşamak isleýär.

Režisýor Bill Condon tarapyndan döredilen Lefu obrasy "Walt Disneý" kinokompaniýasynyň önümlerinde ilkinji gezek aç-açan orun alan gomoseksuwal obrazdyr.

XS
SM
MD
LG