Sepleriň elýeterliligi

Halkara maliýe fonduna iberilen bombaly hat Gresiýadan bardy


Halkara maliýe fondunda bolan partlamadan soň, Pariž, 16-njy mart, 2017.

Gresiýanyň häkimiýetleri 16-njy martda Halkara maliýe fondunyň (IMF) Pariždäki edarasynda partlan hat bukjasyna salnan bombanyň Gresiýadan barandygyny aýtdylar.

Haty açan Halkara maliýe fondunyň işgäri ýeňil ýaralandy, edaranyň işgärleri ewakuasiýa edildi.

Gresiýanyň jemgyýetçilik tertip-düzgüni boýunça ministri Nikos Toskas Gresiýadan baran hatyň ýurduň konserwatiw oppozision kanun çykaryjysy Wassilis Kikiliasyň adyndan iberilendigini aýtdy.

Parižiň prokuraturasy derňewçileriň hatyň bukjasynda “Gresiýanyň poçta belgileriniň galyndylaryny” tapandygyny habar berdi.

Halkara maliýe fondunda ýüze çykan bu waka Gresiýanyň anarhist toparynyň 15-nji martda Germaniýanyň maliýe ministrine iberilen içi bombaly hatyň jogapkärçiligini öz üstüne almagynyň yzýanyna gabat geldi. Şol wakada hiç kim ýaralanmady.

XS
SM
MD
LG