Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Ak Tamyň öňki geňeşçisi Flynna 67 müň dollar töländigi aýdylýar


Maýkl Flynn
Maýkl Flynn

Orsýetiň kompaniýalary ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Maýkl Flynna 67 müň dollar tölediler, diýip Demokratik partiýasynyň kongressmeniniň 16-njy martda çap eden dokumentinde aýdylýar.

Meryland ştatynyň wekili Elijah Kummings prezident Donald Trampyň administrasiýasyndan Flynnyň daşary ýurtly hökümetler we bähbit görüjiler bilen kontaktlary barada köptaraplaýyn maglumatlaryň berilmegini sorady.

Dokumentlerde Flynnyň 2015-nji ýylda Moskwada geçirilen çärede çykyş edendigi üçin RT telekanalyndan 33750 müň amerikan dollaryny alandygy görkezildi. Agzalan wagtdan üç aý ozal Flynn Trampyň saýlaw kampaniýasyna resmi taýdan geňeşçi bolupdy.

Flynnyň RT bilen maliýe aragatnaşygy daşary ýurtly hökümetler tarapyndan sowgat berilmegini gadagan edýän konstitusional düzgüni bozýandygyny Kummings aýtdy.

Prezident Tramp geçen aýda Flynny milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy. Muňa öňki generalyň dekabr aýynda Orsýetiň ABŞ-daky ilçihanasy bilen geçiren gepleşiklerini ýaşyrmagy bilen bagly ýagdaýyň üstüniň açylmagy sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG