Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Kataryň bilim tejribelerini ulanyp bilermi?


Aşgabat, Ruhnama mekdebi
Aşgabat, Ruhnama mekdebi

Türkmen metbugaty Türkmenistanyň Kataryň tanymal halkara uniwersitetleriniň filiallaryny döretmek tejribesi bilen gyzyklanýandygyny, milli bilim sistemasyny ösdürmek üçin bu ugurda Katar bilen bilelikdäki proýektleri ara alyp maslahatalşmaga ähmiýet berýändigini ýazýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Bilim fondunyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşypdyr.

Eýsem bu täzelik Türkmenistanda bilimli kadrlar babatdaky garaýşyň üýtgemegine umyt döredip bilermi?

Azatlyk radiosy bu soragy «Türkmenistanyň alternatiw habarlary» proýektiniň baş redaktory Ruslan Mätiýewe berdi.

Ruslan Mätiýew: Hakykatda bu başlangyç ýaman däl, bu inisiatiwa doly goldanylýar. Ýöne bu hili ideýa ýa pikir almak üçin Katara gidip ýörmek hökman däl, öz goňşularymyza, şol sanda Gazagystanyň tejribelerine göz aýlamagam ýeterlik. Bu döwlet ýylda öz raýatlaryny müňläp daşary ýurda, dünýäniň iň oňat okuw jaýlaryna okamaga iberýär.

Özem bu döwlet soňra olaryň yzlaryna dolanyp gelip, alan bilimlerini we tejribelerini öz ýurtlarynda Gazagystanyň peýdasyna ulanyp bilmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Onsoň ol oglanlar, gyzlar örän gowy işlerde ýerleşýärler, olaryň aýlyklary hem ýokary. Olara daşary ýurtda okamak üçin berlen grantyň çäginde belli bir şertler bar, ýagny olar soň azyndan bäş ýyl döwletiň haýryna işlemeli. Bu programma arkaly müňlerçe, belki on müňlerçe gazagystanly daşary ýurtda bilim aldy we ol gowy netije berýär.

Azatlyk radiosy. Eger-de türkmen mysalyna dolansak, Türkmenistana häzir bilimli kadrlar juda zerur, emma daşary ýurtlarda okan oglan-gyzlaryň yzyna kän gelmeýändigi, olaryň diplomlarynyň ykrar edilmeginde bökdençligiň köpdügi, ikinjiden türkmen aýlyklarynyň azdygy aýdylýar. Siziňçe, Türkmenistanyň öz bilimli adamlaryndan ýurduň bähbidine peýdalanyp bilmezligine esasy päsgel berýän zat näme?

Ruslan Mätiýew: Meniň pikirimçe, bu ýerde entek Nyýazow döwründe döredilen we häzir prezident Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilýän ägirt uly býurokratiki apparat bar. Onsoň biziň daşary ýurtlarda bilim studentlerimiziň bularyň hemmesinden, aýdaly, diplomlaryň ykrar edilmeginden geçmek üçin ne wagtlary, ne-de islegleri bar. Sebäbi bu örän kän wagt alýar, uzyn nobatlarda nerwiňi zaýalamaly, köp pul harçlamaly bolýarsyň.

Netijede, öz bahasyny, agramyny bilýän, öz alan bilimi bilen şol bilim alan ýerinde ýa başga ýurtda has gowy iş alyp biljegini bilýän oglan-gyzlar şol ýerde galmagy saýlap alýarlar. Çünki olar Türkmenistanda özlerine nämeleriň garaşýandygyny gowy bilýärler.

Biziň ýurdumuzyň bu kynçylyklary aradan aýyrmagy we adamlaryň öz orunlaryny tapmaklaryna ýol bermegi gerek. Sebäbi türkmenler öz ruhy, durmuş ýörelgesi esasynda hemişe öz ýurtlaryna, ata-babalarynyň watanyna, ene-atalarynyň ýaşaýan ýerine, doglan we duz iýen ýerlerine dolanmaga çalyşýarlar. Emma muňa garamazdan, yzlarynda hiç bir şert bolmansoň, öňlerinde pul we nerwi iýýän uly býurokratiki päsgelçilik duransoň, olar Türkmenistana gelmek islemeýärler.

Azatlyk radiosy: Türkmen hökümetiniň käbir tankytçylary siziň diýýän býurokratiki päsgelçiligiňiziň bilkastdan, daşarda bilim alan ýaşlaryň öňüni almak üçin döredilýändigini, türkmen hökümetiniň hakyky bilimli ýaşlardan çekinýändigini, olara ynanmaýandygyny aýdýarlar. Eger öz bilimli adamlaryndan ýüz öwürse, Türkmenistan ösüp bilermi?

Ruslan Mätiýew: Gynansak-da, ösüş bolmaz. Hakykatdanam şeýle ynanmazlyk bar, ýurda bilimli adamlar gerek däl, sebäbi bilimsiz adamlar bilen ýurt dolandyrmak has aňsat diýen pikirler aýdylýar. Bilimli, okan adam öz hukuklaryny hem biler, gerek däl zatlar barada hem pikirini aýdar. Şu sebäpden, başlangyç gowy, isleg bar, emma bu isleg soňy bilen durmuşa geçmeýär, ýol almaýar. Bu ideýany durmuşa geçirmek üçin hiç bir zat edilmeýär.

Elbetde, nobatdaky owadan ýokary okuw jaýyny hem açyp bolar, oňa halkara diýen at berip, Aşgabatda owadan jaý hem gurup bolar. Ol okuw jaýyna mugallym kadrlaryny toplap, halkara guramalarynyň, aýdaly BMG-nyň we ÝHHG-nyň wekillerini çagyryp, wagtal-wagtal leksiýa-da okadyp bolar, soň bu barada metbugatda habar berip-de bolar, emma bular ýeterlik bolmaz.

XS
SM
MD
LG