Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ABŞ-nyň çykdajylaryny çäklendirmek karary tankytlandy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we daşary ýurt kömegi üçin maliýe çykdajylarynyň üçden bir bölegini çäklendirmek karary 16-njy martda ýurduň içinde we daşynda tankytlandy we aladalanma döretdi.

BMG-niň baş sekretary Antonio Gutteriş “berk maliýe çäklendirmelere” garşy çykyş etdi we munuň dünýäniň dolandyryjy institutlarynyň “uzak möhletli reformalar boýunça tagallalaryna erbet täsir ýetirip biljekdigini” aýtdy.

Tramp halkara guramalarynyň parahatçylygy saklaýjy operasiýalar üçin maliýe çykdajylarynyň möçberinde ABŞ-nyň paýyny 28%-den (7.9 milliard dollara barabar) 25% çenli peseltmegi teklip etdi. Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Fransua Delattre dünýäniň “güýçli Birleşen Milletler Guramasynyň we Amerikanyň dünýä meselelerine wepaly bolmagyna galmagyna” ozalkysyndan has mätäçdigini belledi.

Birleşen Ştatlar BMG-niň parahatçylygy goramak boýunça operasiýalarynyň maliýe çykdajylaryny paýlaşmak bilen bilelikde guramanyň tutuş býujetiniň we BMG-niň agentlikleriniň çykdajylarynyň dörtden bir bölegini maliýeleşdirýär. Hytaý we Ýaponiýa parahatçylygy goramak boýunça çykdajylara goşýan goşandy boýunça ABŞ-nyň yzýany barýarlar we hersi çykdajylaryň 10%-ni maliýeleşdirýärler, Germaniýa we Fransiýa çykdajylaryň 6%-ni üpjün edýärler.

XS
SM
MD
LG