Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýwanlaryň saglygyny goraýjy bilermenleriň Türkmenistana sapary Aziýada bilen bagly boldy


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasy
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasy

Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça hakara guramasynyň bilermenleri Türkmenistana sapar etdiler.

Olar Türkmenistanyň döwlet weterinar gullugynyň we “Türkmen atlary” döwlet bileleşiginiň bilermenleri bilen bilelikde haýwanlarda birnäçe keseli anyklamak boýunça iş geçirdiler, diýlip Türkmenistanyň resmi mediasynda habar berildi.

Maglumatda bu işiň Aziýada-2017 halkara oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglylykda aktualdygy bellenýär we sport oýunlarynyň programmasyna atly ýaryşyň konkuryň girizilendigi aýdylýar. Häzirki wagtda atlaryň planlaşdyrylan waksinasiýasynyň amala aşyrylýandygy, wiruslary we gan kesellerini anyklamak boýunça iş geçirilýändigi, ahal-teke atlaryny dokumentleşdirmek işleriniň geçirilýändigi resmi maglumatda habar berilýär.

Şeýle-de türkmen mediasynyň Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça hakara guramasynyň bilermenleriniň Türkmenistana sapary bilen baglylykda çap eden maglumatynda, hususan-da, “ýurtda goşa toýnakly bolmadyk ähli haýban sanynyň, şol sanda düýeleriň we eşekleriň gany barlanýar” diýlip habar berilýär.

Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça hakara guramasynyň bilermenleriniň Türkmenistana eden ilkinji saparlarynyň geçen ýylyň tomsunda we güýzünde geçirilendigi we bilelikdäki işleriň Atçylyk sporty boýunça halkara federasiýasynyň weterinar düzgünnamasynyň çäginde geçirilendigi aýdylýar.

Haýwanlar bilen bagly problemalar

Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça hakara guramasynyň bilermenleriniň Türkmenistana eden bu sapary Aşgabatda öýsüz itleriň öldürilmegi we soňky günlerde tutulyp başlanmagy baradaky habarlaryň peýda bolan wagtyna gabat geldi.

Emma haýbanlaryň goralmagyna degişli halkara guramasynyň wekilleriniň bu saparynyň dowamynda bu problema bilen gyzyklanyp-gyzyklanmandygy mälim edilmedi.

Mart aýynyň başyndan bäri Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda öýsüz haýwanlaryň öldürilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesiniň bolandygyny, ölen haýwanlaryň jesetleriniň birnäçe günläp köçelerde ýaşaýjylaryň geçýän ýerlerinde çaşyp ýatandygyny aşgabatlylar habar berdiler.

Aşgabadyň ýaşaýjylary öýsüz haýwanlary ýok etmek boýunça işleriň baýramçylyklaryň, dabaralaryň we halkara çäreleriniň öňýany ýaýbaňlanýandygyny aýdýarlar we bu işiň häkimiýetler tarapyndan guramalşadyrýandygyny aýdýarlar.

Öýsüz haýwanlar babatynda soňky günlerde görülýän çäreler barada Aşgabadyň häkimiýetlerinden maglumat alyp bolmady.

Şeýle-de geçen ýylyň aýagynda Aşgabatda gara mallarynyň, öý guşlarynyň ýokanç keselden gyrylmagy barada ençeme maglumat peýda bolupdy. Türkmenistanyň häkimiýetleri bu maglumatlary resmi derejede tassyklamadylar we inkär etmediler.

Aziýa oýunlarynyň haýwan-simwollary

Türkmenistanyň häkimiýetleri sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna resmi derejede görülýän giň göwrümli taýýarlyklaryň çäginde dürli çäreleri amala aşyrýarlar.

Şol sanda, Aziýada - 2017 oýunlarynyň resmi simwoly saýlanan ahal-teke atlarynyň 17-si geçen ýylyň 5-nji maýyndan başlap şu günki güne çenli ýurduň çäginde 500 günlük ýörişi berjaý edýärler.

Atly ýöriş ýaşaýjylary 'janly diwara' öwürýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Türkmen ýolbaşçylarynyň şu ýylyň başynda mälim eden ýene bir planyna görä, Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary saýlanan türkmen iti alabaýlary goşunda ulanmak üçin türgenleşdiriler.

Şeýle-de, ýaşyl reňkli alabaý güjügini şekillendirýän tumarlary “göze ilýän ýerlerde” ýerleşdirmek barada ýaňy-ýakynda resmi tabşyryk berildi.

XS
SM
MD
LG