Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “Propiska işsizligi möwjedýär”


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Türkmenistanyň döwlet gazetlerinde ýurduň dürli welaýatdyr etraplarynda hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigi we iş orunlarynyň bardygy barada bildirişler çap edilýär. Emma bu iş orunlaryna başga welaýatlarda ýazga duran raýatlaryň işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi aýdylýar.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly 37 ýaşyndaky mugallym Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolup, mundan iki hepdä golaý öň Balkan welaýat gazetinde çap edilen bildirişden soň, işe ýerleşerin diýen umyt bilen bu welaýata gelendigini, emma öz umytlarynyň puja çykandygyny gürrüň berdi.

“Maňa tanyşlarym Balkan welaýat gazetinde Esenguly etrabynda türkmen dili we edebiýaty mugallymynyň ýetmezçilik edýändigi, iş orunlarynyň bardygy barada bildiriş çap edilendigini habar berdiler. Şondan soň, men bildirişdäki telefon belgisine jaň edip, Esengula geldim, ýöne bu ýerde maňa ‘bize sen ýaly hünärmenler gerek, ýöne seniň pasportda ýazga duran ýeriň Daşoguz welaýatynda eken. Şonuň üçin biz seni işe alyp bilmeýäris. Her kim öz welaýatynda işlemeli’ diýdiler” diýip, daşoguzly mugallym aýtdy.

Ýedi ýyllyk iş stažly we indi iki ýyla golaý wagt bäri işsiz kösenýän mugallymyň sözlerine görä, oňa Esenguly etrabyndaky mekdep resmileri başga welaýatlarda ýazga duran hünärmenleri işe almazlyk barada özlerine “dilden berlen” görkezmäniň bardygyny aýdýarlar. Olar başga welaýatlardan gelen hünärmenleri diňe degişli ministrlik tarapyndan ugradylan “Ýollanma” esasynda işe alyp bilýärler.

‘Öz ýurduňda keseki tutulmak’

Daşoguzly mugallym özüniň Balkanda ýaşamaga taýýardygyna we agzalýan iş ornuna mynasypdygynyň tassyklanandygyna garamazdan, işe alynmazlygyny ‘öz ýurduňda keseki tutulmak’ bilen deňeşdirýär.

“Mekdebe mugallym gerek, bu baradaky bildirişem indi azyndan alty aý bäri çap edilýär. Meniň resminamalarymyň, iş stažymyň bu wezipä mynasypdygynam tassykladylar. Ýöne pasportda başga welaýatda ýazga duranyň üçin işe alynmazlyk diňe biziň ýurdumyzda bar bolsa gerek. Bu öz ýurduňda başga döwletiň raýaty ýaly orna goýulmak bolýar” diýip, daşoguzly mugallym aýdýar.

Balkanda ýa-da Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda işe ýerleşip bilmeýänler diňe daşoguzly bu mugallym bilen çäklenmeýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir türkmenistanlylar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem şeýle tejribäniň giňden ýaýrandygyny gürrüň berýärler.

Statistik maglumatlar çap edilmeýär

Hatda welaýatlardan Aşgabatdaky firmalara gelip işleýän hünärmenleriň we işçileriň hem paýtagtda ýazga durmakda uly kynçylyk çekýändigi, şu sebäpli köplenç yzlaryna, öz welaýatlaryna ugradylýandygy aýdylýar.

Mundanam başga, soňky ýyllarda ýurtda işsizligiň giňden ýaýrandygyny, işe ýerleşmek üçin bolsa, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýa-da araçylaryň raýatlardan para-peşgeş almak tejribesiniň barha möwjeýändigini, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda ýurtda diňe tam süpüriji bolup işlemek üçin $1000, mekdepde mugallym ýa-da çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe ýerleşmek üçin $3000-$4000 möçberinde para bermeli bolýarlar.

Türkmenistanyň media serişdelerinde ýurtda täze iş orunlarynyň döredilýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar peýda bolsa-da, türkmen hökümeti ýurtdaky işsizleriň sany baradaky statistik maglumatlary häzire çenli ilat köpçüligine ýetirmän gelýär.

Şol bir wagtda, ýurtda bir welaýatda ýazga duran raýatlaryň beýleki welaýatda işe ýerleşip bilmeýändigi baradaky maglumatlar dogrusynda-da, ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri kelam söz aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG