Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda şeker gytçylygy dowam edýär


Aşgabadyň söwda dükanlarynyň biri

Aşgabadyň söwda dükanlarynyň biri

Soňky bir hepde bäri Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda-da, hususy dükanlarda-da şekeriň satuwda bolmaýandygy barada maglumatlar bar.

“Döwlet dükanlaryna baryp, şeker barmy diýip soranyňda, satyjylar şekeriň eýýäm birnäçe gün bäri dükanlara gelmeýändigini aýdyp, şekeriň satuwda haçan boljakdygyny bilmeýändiklerini hem sözüne goşýarlar. Sebäbi pylan wagty şeker bolar diýilse, onda adamlaryň şeker gelerine garaşyp, şol dükanyň öňünde nobata durmaklary ähtimal.

Şeýle nobatlaryň döremezligi üçin, satyjylar şekeriň haçan bolaýmak mümkinçiligi barada hem dil ýarmaýarlar” diýip, Aşgabatly ýaşaýjy 50 ýaşly öý hojalykçy Enegül daýza aýdýar.

Aşgabadyň 11-nji etrapçasyndaky Türkmenistanyň et-süýt önümleri azyk söwdasyna degişli 2-nji dükanyna, Aşgabadyň Alyşir Nowaýy köçesindäki Bagtyýarlyk etrap azyk söwdasyna degişli 48-nji dükanyna we başga-da birnäçe dükanlara aýlanyp, şeker tapyp bilmändigini Enegül daýza sözüne goşdy.

Geçen ýylyň soňky üç aýlary gyt bolup, adamlaryň uly nobatlaryny döreden şekeriň hem ýagyň täze ýyla geçip, ilat üçin elýeterli bolandygyny, emma täzeden şekeriň gytalmagynyň öý bikelerini alada goýýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ozal gyt haryda öwrülen Ahal ýagynyň hem şu günler bol-elin däldigini, ýöne onuň şeker ýaly satuwdan ýok bolup gitmeýändigini, bir dükanda tapdyrmasa, başga bir dükanda tapyp bolýandygyny, Ahal ýagy tapdyrmaýanda hem onuň ornuny tutup bilýän başga ýaglaryň bardygyny, emma şekeriň ornuny hiç bir haryt bilen çalşyp bolmaýandygyny Enegül daýza nygtaýar.

Şeker-ýag ýaly harytlaryň köp çagaly maşgalalaryň gündelik durmuşynda hökman gerek welin, ynha, türkmeniň uly maşgalalarynyň dürli miwelerden mürepbe gaýnadyp, süýji şireli içgileri taýýarlap, indiki gyşyň aladasyny edip başlaýan döwri hem ýetip gelýär.

“Şekeriň häli-şindi satuwdan aýrylyp durmagy bizi gaty alada goýýar, soňky günler şeker-gant diňe bir döwlet dükanlarynda däl, hususy eýeçilikdäki dükanlarda-da tapdyrmaýar” diýip, Enegül daýza aýdýar.

Şol bir wagtda etraplarda ekilýän gant şugundyrynyň öz ýurdymyzy şeker bilen üpjün etmäge ýeterlikdigi hem aýdylýar. Emma şekeriň näme sebäpden gyt haryda öwrülmeginiň sebäpleri ýaşaýjylar üçin düşnüksiz bolýandygyny aýdýan ildeşlerimiz juda kän.

Türkmenistanda indi bir ýyl bäri şeker-gant, ýag diýen ýaly gündelik harytlaryň gytalmagyndan daşary, azyk harytlarynyň ähli görnüşleriniň nyrhlarynyň ýokarlanýandygy hem göze ilýär. Azyk harytlarynyň ortaça 40-50 göterim ýokarlanandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýurtda dollaryň satuwdan aýrylmagy bilen telekeçileriň söwdasyna konwertasiýanyň çäklendirilmeginiň netijesinde, hususy dükanlarda hem şekeriň-gandyň gytalandygyny, bu gytçylykdan, çäklendirmelerden bolsa telekeçileriňem, ýönekeý halkyňam dürli kynçylyklara sezewar edilýändigini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG