Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Trampyň syýahat gadaganlygyny durzan sud kararyndan şikaýat edýär


Ak tam
Ak tam

ABŞ-nyň hökümeti 17-nji martda prezident Donald Trampyň immigrasiýa baradaky hökümet kararynyň güýje girmegini togtadan sud kararynyň üstünden şikaýat edýändigini aýtdy.

Adalat departamenti ABŞ-nyň Meriland ştatynyň okrug sudunyň Trampyň 6-njy martda esasan musulmanlardan ybarat 6 ýurtdan syýahatçy gelmegini wagtlaýyn gadagan edýän hökümet kararynyň bir bölegini durzan kararyň üstünden şikaýat arzasyny ýazýar.

Meriland sudy şu hepde Trampyň bosgunlaryň dört aýlap Birleşen Ştatlara girmegini gadagan edýän kararynyň bir bölegini togtatdy. Emma Hawaýiniň okrug sudy has giň karar çykaryp, Trampyň kararynyň iki bölegini hem togtatdy we onuň 16-njy martda güýje girmeginiň öňüni baglady.

Trampyň täzeden seredilen karary ABŞ-nyň Waşington ştatynyň okrug sudy tarapyndan hem synaga salynýar. Waşington sudy Trampyň ýanwarda gol çekilen hökümet kararynyň ilkinji görnüşini hem togtadypdy. Trampyň karary, başky görnüşinde bolşy ýaly, Eýrandan, Siriýadan, Liwiýadan, Sudandan, Somaliden we Ýemenden syýahatçy gelmegini gadagan edýär.

Emma ol Yragy nyşana almaýar, şeýle-de ol gadaganlyga düşýän ýurtlardan bolan, emma ABŞ-nyň «ýaşyl kartyny» alan adamlara degişli däl.

XS
SM
MD
LG