Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan sermaýa çekmekde soňky orunda durýar


Aşgabat. Ýolda gapyrjaklara seredip duran adam.
Aşgabat. Ýolda gapyrjaklara seredip duran adam.

Kommersant.ru neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistan öňki sowet respublikalarynyň arasynda maýa ýatyrylmagyna döredilen şertler boýunça iň soňky derejä mynasyp boldy.

Ekspertleriň “Ýewraziýa ösüşi” Merkezi Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň sekiz ýurdunyň sermaýa çekijiligi boýunça görkeziji taýýarlady.

Hasabatyň awtorlary Merkezi Aziýanyň we günorta Kawkazyň 8 sekiz ýurdunda garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde bäsleşikli, diwersifikasiýa edilen we açyk ykdysadyýetiň döredilip bilinmändigi barada netijä gelýärler.

Bu sekiz döwletiň başyny Gazagystan çekýär, ikinji orunda Azerbaýjan, soň Özbegistan, Gürjüstan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Täjigistan gelýär we iň soňky orunda Türkmenistan ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň iň soňky derejäni almagy ýurtdaky islendik ykdysady işjeňligini düýpli kontrolda saklamaga synanýan gazaply syýasy model bilen düşündirilýär.

Bu ýurtlar ykdysadyýetiň täze modelini gurmagy hem, uzak möhletli ösüş perspektiwalaryny kesgitlemegi hem başarmadylar we SSSR-iň senagat mirasyny maksimal derejede ulanmaga çalyşdylar diýip, hasabatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG