Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow 'alabaý tumaryny' tankytlady


Alabaý tumarlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň alabaý şekilindäki tumarynyň görkezilen görnüşlerini düýpli tankyt etdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

«Biz Aziada gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň sport ýaryşlaryna tomaşa etmekleri bilen bir hatarda olaryň halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýän milli ýörelgelerimiz, ahalteke bedewleri, alabaýlary we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşmaklary üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler döretmelidiris» diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident alabaý tumarlarynyň talaba laýyk taýýarlanmandygy üçin Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewe berk käýinç berdi.

Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Aziada-2017-niň esasy tumaryny «has-da kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri» berendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG