Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky Özbegistana karz berer


ÝDÖB-nyň prezidenti Suma Çakrabarti

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky, on ýyla çeken arakesmeden soň, Özbegistana karz bermegi dikeltmäge taýýardygyny aýdýar.

ÝDÖB-nyň prezidenti Suma Çakrabarti 17-nji martda, öňki sowet respublikasyna sapar edeninden soň, karz berijiniň hökümet bilen «öz inwestisiýa aktiwligini ýokarlandyrmak» barada ylalaşyga gol çekendigini aýtdy.

“Men ÝDÖB-nyň Özbegistan bilen gaýtadan işleşýändigine hoşal, bu gepleşikler örän netijeli boldy we bank bilen Özbegistanyň arasynda gaýtadan gatnaşyk gurulmagyna örän uly gyzyklanma bar» diýip, ol aýtdy.

Emma hiç bir anyk san ýa-da mümkin bolan proýekt agzalmady.

Bu bank bilen Daşkendiň arasy öňki prezident Yslam Kerimow wagtynda, adam hukuklary aladalary we syýasy-ykdysady reformalaryň ýoklugy sebäpli bozulypdy.

XS
SM
MD
LG