Sepleriň elýeterliligi

Ýerewanda tapgyr ikinji gün protest geçirildi


Protestçiler Artur Sargisýanyň portretini göterip çykdylar.

Ermeni paýtagtynda tapgyr ikinji gün, türmeden boşadylan aktiwist ýogalandan soň, ýüzlerçe protestçi toplandy.

49 ýaşyndaky Artur Sargisýan türmede 25 gün açlyk yglan etdi we 16-njy martda, hassahana operasiýa etmek üçin eltilende ýüreginden tutup öldi.

Protestçiler Sargisýanyň ölüminiň doly derňelmegini talap edýärler. Ol geçen ýyl, oppozisiýadaky ýaragly adama kömek etmek aýyplamasynda tussag edilipdi.

Protestçiler 17-nji martda Ýerewanyň merkezinden ýöriş etdiler, emma polisiýa olary Adalat ministrliginiň binasyna goýbermedi.

Protestçileriň käbiri aktiwistiň ölüminde prezidenti aýyplap gygyrdy, beýlekileri adalat we saglyk ministrleriniň işden çekilmegini talap etdi.

XS
SM
MD
LG