Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda "ählihalk  ýowary" geçirildi


Aşgabat, ýowara gatnajyjylar
Aşgabat, ýowara gatnajyjylar

18-nji marty ählihalk ýowary diýip yglan etmek bilen, birnäçe wagt öňünden taýýarlyk görmek, ýowary guramaçylykly geçirmek barada döwlet baştutanynyň tabşyryk berendigine seretmezden, şu gün Aşgabadyň köçelerinde ýowaryň dabarasy asla görünmedi.

Aşgabatly pensioner, 75-ýaşly Döwlet aganyň aýtmagyna görä, ka bir edara-kärhanalaryň, söwda dükanlarynyň öňünde edara işgärleriniň köçäni syryp-süpürip ýörendikleri göze ildi diýämeseň, köçelerde eli pilli ýa eli sübseli ýowara barýan ýa ýowardan gaýdyp gelýän adamlar asla göze ilmändir.

“Ir ertir 11-nji etrapçadan Köşüdäki garyndaşlara gezelenje gitdim. Bütin şäheri söküp Köşä bardym. Ol ýerde 2 sagat ýaly garyndaşlaryňkyda oturyp, ýenede yzyma dolandym.

Emma köçe süpürip ýören adamlara-da, ozalky ýyllardaky ýaly talyplarada, mekdep okuwçylaryna-da gözüm düşmedi. Hamana, bu ýyl ýowar geçirilmeýän ýaly. Köçelerde kommunal kärhanasynyň adaty ýol süpürijilerinden, käbir edara-kärhananyň öňünde arassaçylyk işlerni geçirip ýören sanalgyja işgärden başga ýowarçylara gözüm düşmedi” - diýip Döwlert aga aýdýar.

Aşgabat, ýowar güni
Aşgabat, ýowar güni

“Her ýyl ýowar geçirlende köçeleriň ähli ýerlerinde talyplaryň hem, mekdep okuwçylarnyň hem, edara-kärhana işgärlerniň hem köpçülikleýin köçeleri arassalap, syryp-süpürip ýörendiklerni görse bolýardy. Bu ýyl bolsa sanalgyja adam ýowarda göründi, olaram bir sagadyrak wagt syran-süpüren ýaly boldular-da bir sagatdan soň, öz edara jaýlaryna girdiler” - diýip, Döwlet aga sözüniň ňstňni ýetirdi.

Esasy ýowarçylaryň her bir edara-kärhanadan, talyplardan, ýaşuly adamlardan saýlanyp alnyp, şäheriň daş-töweregine geçirilmeli ýowara ugradylandygy barada hem maglumatlar bar.

“Ynha, agşam telewideniýäniň “Watan” programmasyna tomaşa edersiň welin, şäheriň daş-töwereginde uly möçberli ýowar geçirlendigi baradaky mahabatly gepleşikleri görip bilersiň, şäherde bolsa ýowar bardygy görünmeýär diýseň-de bolýar. Bizde esasy mahabatly gepleşikler üçin alada edilýär” - diýip, ýaşaýjylar aýdyýarlar.

Ýowarçylar
Ýowarçylar

Köçelerde ýowarçylaryň bu ýyl juda azdygynyň sebäplerini ýollaryň ýapylmagy, birnäçe köçäniň rekonstruksiýa edilip, ozal bar bolan 25-30-ýylky agaçlaryň çapylyp aýrylyp, onuň ýerine kommunal kärhanasynyň işgärleri tarapyndan ýakynda ujypsyzja agaç nahallarynyň ekilmegi bilen düşündirýän ýaşaýjylar hem bar.

Täze ekilen agaçlara bolsa kommunal kärhanasynyň işgärleri gözegçilik ediýärler. Häzirlikçe olaryň düýbüni depmek, ýa olary heklemek zerurlygy ýok. Olaryň ösüp boý almagyna entäk wagt gerek diýip, ýaşaýjylar ozalky goparlyp ýok edilen agaçlar barada gynanç bilen ýatlaýarlar.

Ýykylan bag
Ýykylan bag

Bir ýandan bag ekmekligiň ýowary yglan edilse-de, Aşgabadyň köçelerinde düýbi bilen goparylan agaçlary şu gün hem görse bolýar.

XS
SM
MD
LG