Sepleriň elýeterliligi

Moskwa häkimiýetleri Nawalnynyň korrupsiýa garşy çäresini togtatdy


Nawalnyý prezident W.Putiniň hem garşydaşy, ol 2018-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna kandidat boljagyny jar etdi.

Moskwanyň şäher häkimiýetleri oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy ýöriş geçirmek boýunça planlaşdyrylan ýygnanyşygyny gadagan etdiler.

Nawalnynyň 18-nji martda, öz websaýtynda çap eden hatynda aýdylmagyna görä, şäher resmileri Moskwanyň merkezinden planlaşdyrylan ýörişiň we ýygnanyşygyň köçe hereketine hem-de infrastruktura päsgel berjekdigini, şeýle-de ýaşaýjylaryň hukuklaryny bozjakdygyny aýdypdyrlar.

«Interfax» habar gullugy şäheriň uly derejeli howpsuzlyk resmisi Wladimir Çernikowa salgylanyp, soralan ýerinde ýöriş geçirilmegine rugsat bermezlik baradaky kararyň «gutarnyklydygyny» habar berdi.

Nawalnyý 14-nji martda 15 müň adamyň gatnaşmagynda Moskwanyň merkezi köçesinde ýöriş geçirip, Kremliň alkymynda ýygnanyşyk guramak baradaky haýyşnama bilen ýüz tutdy.

Bu 15 müň adam şol güne planlaşdyrylan 53 demonstrasiýanyň diňe birine gatnaşjak adamlardy.

Moskwanyň regional howpsuzlyk we korrupsiýa garşy bölüminiň başlygy Çernikow guramaçylaryň şol bir günde şeýle köp demonstarsiýany planlaşdyrmak bilen, ol «çäreleriň hemmesiniň öz wagtynda we howpsuz ýagdaýda geçmegini üpjün edip bilmejekdiklerini» öňe sürdi.

Şäher häkimitleri ýöriş we ýygnanyşyk geçirmek barada başga bir teklip etmediler we Nawalnyý munuň kanuna sygmaýandygyny aýdýar.

Korrupsiýa garşy alyp barýan kampaniýasy bilen tanymallyk gazanan Nawalnyň prezident Wladimr Putiniň hem garşydaşy bolup durýar we dekabrda özüniň 2018-nji ýylyň martynda geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidat hökmünde gatnaşjakdygyny jar etdi.

Bu saýlawda Putiniň hem dördünji möhlet prezidentligine dalaş etmegine garaşylýar.

Nawalnyý öz alyp barýan işleri bilen baglylykda birnäçe kynçylykly ýagdaýa gabat gelendigini habar berdi.

Häkimiýetler Tomskda 17-nji marta planlaşdyrylan çäräni togtatdylar, ýagny olar onuň geçýän ýeriniň bomba haýbaty zerarly boşadylmalydygyny aýtdylar.

Nawalnyý bu tutarygyň «gülkünç» bolandygyny aýtdy we özüniň bu çäräni togtatmaaga mejbur edilmeginde «samsyk häkimiýetleri» günäledi.
Şeýle-de Nawalnyý 6-njy martda, Wolga derýasynyň boýundaky Nižnyý Nowgorod şäherinde öz kampaniýa edarasyny açanda bir topar bökdençlige sezewar boldy.

Nawalnyý Facebookda özüni demirýol stansiýasynda garşylan protestçileriň ony «türmä basylmaly dönük» atlandyrýan plakatlary göterip durandyklaryny, käbiriniň bolsa «Nawalnyý ABŞ-nyň agenti» diýip gygyrandygyny aýtdy.

Rus häkimiýetleri Nawalnynyň, eger-de maliýe jenaýatlary boýunça çykarylan hökümden eden şikaýaty netije bermese, saýlawa gatnaşmakda çetleşdiriljekdigini aýdýarlar. Emma Nawalnyý kampaniýa çalymdaş çärelere bat berýär.

Ol hiç bir ýalňyş iş etmändigini aýdýar we özüne garşy iki sany aýry-aýry aýyplamalar esasynda çykarylan hökümleriň syýasy sebäplidigini, ýagny özüni Putine garşy çykýanlygy üçin jezalandyrmaga çalyşýandyklaryny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG