Sepleriň elýeterliligi

Demirazyk Koreýa täze raketa motoryny synaýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Pekinde Hytaýyň prezidenti Sii Jinping bilen görüşýär.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasy ýurduň güýçli raketa motoryny synag edendigini, liderKim Jong Anyň ony raketa senagatynyň «täzeden dogmagy» hökmünde öwendigini habar berýär.

Bu habar 19-njy martda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Pekinde resmiler bilen duşuşýan wagtynda yglan edildi. Tillerson bu synag geçirilmezinden öň regional dartgynlylygyň «howply derejä» ýetendigini duýdurdy.

Döwlet eýeçiligindäki KCNA habar gullugy raketa motorynyň synagynyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň gözegçiliginde geçirilendigini habar berdi.

Ekspertler synag edilen motoryň uzak aralyga ýetýän raketalar üçin taýýarlanan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Tillerson 18-nji martda Pekine sapary mahalynda Waşingtonyň Hytaý bilen sebitdäki konfliktiň öňüni almak ugrunda işleşjekdigini aýtdy.

Şu aralykda prezidentDonald Tramp twitterde Demirgazyk Koreýanyň «özüni örän erbet alyp barýandygyny» aýtdy.

XS
SM
MD
LG