Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Germaniýada ýene bir ýygnanyşyk planlaşdyrjagyny duýdurýar


Prezident Erdoganyň äpet portretiniň öňünden arabasyny süýräp barýan adam, Stambul, 15-nji mart, 2017.

Türkiýe türk ministrleriniň Germaniýada 16-njy apreldäki referendumdan öň başga, ýene bir ýygnanyşyk planlaşdyryp biljekdiklerini aýdýar.

Bu sözler prezident Rejep Taýyp Erdoganyň sözçüsi Ibrahim Kalin tarapyndan, CNN Turk telekanalynyň 19-njy martdaky gepleşiklerinde aýdyldy.

Kalin biraz öň german häkimiýetleriniň gadagan edilen Kürdüstan Işçiler partiýasyna ýa-da PKK-a Germaniýada ýygnanyşyk geçirmäge rugsat bermegini tankytlady.

18-nji martda Frankfurtda 30 müň çemesi kürt ýygnanyp, Erdogana prezident hökmünde has giň ygtyýarlyklary bermegi nazarlaýan referenduma garşy protest geçirdi.

Demonstrasiýaçylar «Erdogan –terrorçy» we PKK-nyň tussaglykdaky lideriny nazarda tutup, «Öjalana azatlyk» diýip gygyrdylar.

Türk ministrleriniň bu ýurtlarda ýaşaýan etniki türkler bilen duşuşyk geçirmeginiň öňüni alansoň, Türkiýe holland we german häkimiýetleri bilen gaharly diplomatik dawa girdi.

Erdogan Germaniýany «nasistik praktikalary» ulanmakda aýyplady, Hollandiýany bolsaBosniýada 1995-nji ýylyň Srebrenica gyrgynçylygynda günäledi.

XS
SM
MD
LG