Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Paktiada 10 jeňçi öldürildi


 Welaýat gubernatory Zalmai Wesa
Welaýat gubernatory Zalmai Wesa

Gündogardaky Paktia welaýatyna urlan howa zarbasynda azyndan 10 sany «talyban» jeňçisi öldürildi, iki sanysy bolsa ýaralandy diýip, owgan resmileri 19-njy martda aýtdy.

Howa zarbasy Dandpatan ertabynyň Narai Kandaw obasyna, «talyban» jeňçileriniň 18-nji mart agşamy ýygnanyşan jaýyna uruldy diýip, welaýat gubernatory Zalmai Wesa aýtdy.

Wesa ol ýerde asuda adamlaryň hüjümiň pidasy bolmandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG