Sepleriň elýeterliligi

Parižiň Orly aeroportyndaky uçar gatnawlary kadalaşdy


Belgasem özüniň “Alla üçin ölmek” isleýändigini aýtdy.

Parižiň Orly aeroportyndaky uçar gatnawlary 19-njy martda, ýaragly adamyň hüjüminden bir gün soň, kadaly ýagdaýa dolandy.

Hüjümçi, 39 ýaşyndaky Ziýed Ben Belgasem zenan esgeriň kellesine ýarag diräp, özüniň “Alla üçin ölmek” isleýändigini aýtdy diýip, fransuz resmileri aýtdy..

Orlydaky uçar gatnawlary birnäçe sagat togtadyldy we 18-nji mart güni irden bolan atyşykdan soň 3 müň çemesi adam aeroport binasyndan ewakuasiýa edildi.

Terrora garşy derňewçiler 19-njy martda Belgasemiň kakasyny azat etdiler, emma onuň dogany bilen ýegenini saklamagy dowam etdirýärler diýip, AFP habar gullugy aýdýar.

Parižiň prokurory Fransua Molnis 18-nji mart güni giçlik žurnalistlere hüjümçiniň maşgala agzalarynyň üçüsiniň hem polisiýa bilen özleriniň habarlaşandygyny aýtdy.

Molins Belgasemiň arka torbasyndan Gurhanyň bir nusgasynyň çykandygyny hem sözüne goşdy.

Belgasem polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG