Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet owgan konflikti barada gepleşik geçirer


Owgan prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar
Owgan prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar

Orsýet 14-nji aprelde Owganystandaky konfliktler boýunça gepleşik geçirmegi planlaşdyrýar diýip, ýokary derejeli owgan resmisi aýtdy.

Owgan prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar 18-nji martda Azatlyk radiosynyň Owgan gullugy bilen söhbetdeşlikde bu gepleşiklere 12 ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň we öňki sowet respublikalarynyň bäşisiniň, ýagny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmaga çagyrylandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Atmar «talybana» hiç hili çakylyk iberilmändigini hem sözüne goşdy.

Ol “Talybanyň» konferensiýa gatnaşmagy barada ylalaşygyň ýokdugyny, Orsýetde geçjek maslahatyň döwletler arasynda boljakdygyny aýtdy.

Rus habar gulluklary Atmara salgylanyp, Kabulyň jeňçi topar bilen göni gepleşiklere girmäge taýýarlanýandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG