Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan terrorçy "eksportynda" nädip lider boldy?


Täjigistanda owal "OMON-yň" serkerdesi bolan Gulmurod Halimow (sagdan 2-nji), indi "YD" toparynyň hatarynda söweşýär.
Täjigistanda owal "OMON-yň" serkerdesi bolan Gulmurod Halimow (sagdan 2-nji), indi "YD" toparynyň hatarynda söweşýär.

Täjigistan "Yslam döwleti" toparyna söweşmäge gidýän iň köp terrorçyny eksport edýän dünýä "liderine" nädip öwrüldi?

Häzirki döwürde Siriýa we Yrakda güýçden gaçýan "YD" toparyna iň köp söweşijiniň Merkezi Aziýanyň bu pukara respublikasyndan nädip iň köp gidýändiginiň sebäbi derňelipdir. Derňewçiler bu ugurda esasy 3 zadyň uly täsir oýnaýandygyny belleýärler. Olar: resmi bolmaýan yslamyň berk gysylmagy, abraýa uly zeper ýetirýän mejbury zähmet migrantlygy, ýörite tälimli güýjüň owalky serkerdesiniň "YD" toparynyň hataryna goşulmagy. Munyň bilen baglanyşykly jikme-jik maglumaty Azatlyk Radiosynyň gazak gullugy ýazýar.

1100 sany täjik

Düýbi Gagada ýerleşýän Halkara terrorçylyga garşy göreş merkeziniň (International Center for Counter-Terrorism, ICCT) hasabatynda aýdylşyna görä, 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan 2016-njy ýylyň noýabr aýyna çenli janyndan geçenleriň Siriýadaky we Yrakdaky hüjümlerine jemi 27 sany täjik gatnaşypdyr. Bu san aslynda raýatlygy aýan edilen daşary ýurtly janyndan geçen hüjümçileriň arasyndaky iň ýokary görkezijidir. "Janyndan geçenler bilen söweşmek: "YD" toparynyň janyndan geçenler önümçiliginiň hasabaty" atly habarnamada, Täjigistanyň ýüzbe-ýüz bolan ekstremizm ýagdaýy nygtalýar we täjikleriň janyndan geçenleriň arasynda iň köp orny eýelemeginiň sebäpleri derňelýär.

Göýä bu hasabaty tassyklaýan ýaly "YD" toparyna degişli "Aamak" atly habar gullugynyň beren maglumatyna görä, Kabuldaky harby keselhana edilen we 49 adam pidasyna sebäp bolan ýaragly hüjümiň jogapkärleriniň arasynda 2 sany täjik bar. "YD" topary 2015-nji ýyldan bäri Owganystanda hereket edýär. Ýöne bu maglumaty ne täjik, ne-de owgan resmileri tassyklaýar.

Inografika: Ýurtlara görä "YD" toparynyň öldüren adamlarynyň sany
Inografika: Ýurtlara görä "YD" toparynyň öldüren adamlarynyň sany

Täjigistanyň içeri işler ministri ýanwarda beren beýannamasynda, ýurdyň 1100 sany raýatynyň Siriýadaky we Yrakdaky söweşlere gatnaşýandygyny, olardan azyndan 300 sanysynyň öldürilendigini, 60 sanysynyň meýletinlikde öýüne dolanandygyny we hökümetiň hem olaryň günäsini geçendigini bildirdi.

San nädogry görkezilen ýaly?

Halkara terrorçylyga garşy göreş merkezi ICCT-niň hasabatynyň awtory Çarli Winteriň aýtmagyna görä, janyndan geçenleriň sanawynda täjiklere "adalatly çemeleşilmändir". "YD" toparyna goşulan täjikleriň umumy sany başga ýurtladan bolan terrorçylardan has azdyr. Meselem, käbir hasabatlara görä, "YD" toparynyň hatarynda 6,5 müňden gowrak tunisli, 2,5 müňe golaý sawudly bar. Winteriň sözlerine görä, derňewleriň netijesi we şeýle sanawlar, täjikleriň ylaýta-da janyndan geçen hüjümçiler höküminde saýlanyp alynýandygyny görkezýär.

Derňewçiniň pikrine görä, Täjigistanyň ýörite tälimli polis güýji OMON-yň ABŞ-da türgenleşik geçen ýokary çinli bir serkerdesiniň öz wezipesini taşlap, Siriýada "YD" toparynyň hataryna goşulmagy, şunça täjigiň näme üçin Ýakyn Gündogarda janyndan geçen hüjümçä öwrülendigi hakdaky sowala jogap tapmaga kömek edip biler. Terrorçylyk baradaky bilermenleriň bellemegine görä, 2015-nji ýylda "YD" toparynyň hataryna goşulan täjik polkownigi Gulmurod Halimow ol ýerde esasy serkerdeleriň birine öwrülipdir.

"Täjiklerden diýseň ýygy-ýygydan peýdalanylýar. Bu Halimowyň "YD" toparynda esasy ýerine ýetiriji serkerdeleriň biri hasap edilmegi bilen arabaglanyşyklydyr. Täjiklerden şeýle yzygiderli işjeň peýdalanylmagynyň arkasynda, dogrudanam, Halimow bolup biler. Olary meýletin hüjümlere şeýle aňsat yryp bilýän bolmagy ahmal" diýip, Kolumbiýa uniwersitetiniň işgäri Edward Lemon aýdýar.

Täjik oppozisiýasy

2015-nji ýylyň maý aýynda ýaýradylan bir çagyryş wideosynda Halimow gara eginbaşly ýagdaýda göze ilýär. Wideoda ol Täjigistan hökümetiniň mekdep we iş ýerlerinde musulman eginbaşlary gadagan etmegine, jemgyýetçilik ýerlerde namaz okalmagyny çäklendirmegine garşy çykyp, özüniň "YD" toparynyň hataryna goşulandygyny aýdýar.

Gulmurod Halimow
Gulmurod Halimow

​Bilermenleriň pikirine görä, Täjigistanyň hökümeti syýasy we dini yslam toparlaryna basyş edýär. Yslamyň bikanun hasaplanmagy bolsa "YD" toparyna söweşiji ýygnaýanlaryň bähbidine ýaraýar. 1992-nji we 1997-nji ýyllaryň arasynda bolan içerki urşuň ahyrynda gol çekilen ýaraşyk şertnamasyna görä, birleşen täjik oppozisiýasyna hem hökümetde orun berilmelidir. Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasy bolsa esasy oppozisiýa güýji we şol sanda Merkezi Aziýadaky ýeke-täk yslam partiýasydyr. Ol partiýanyň öz işini alyp barmagyna Duşenbe hökümediniň aç-açanlygynyň bir alamaty höküminde baha berilýärdi.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen Täjigistanyň hökümeti yslam bilen baglanşykly bolan ähli zada berk darap başlady we ýurtdaky resmi bolmaýan ýüzlerçe metjidi ýapdy. 2015-nji ýylda bolsa, täjik hökümeti Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň ýolbaşçylaryny basdy.

"YD" topary kimleri özüne çekýär?

Bilermenleriň nygtamagyna görä, täjik hökümetiniň şeýle ädimleri ýurtdaky käbir dindarlary has howply dini hereketlere iterýär.

"Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasynyň hökümetde orun alyp, ýerine ýetirmeli esasy wezipeleriniň biri adamlara "YD" toparyna goşulmaly däldigini düşündirmek bolmalydy. Partiýa gadagan edilende biz "YD" toparynyň hataryna goşulýan täjikleriň sanynyň birden köpelendigini gördük. Olaryň arasynda aglaba köpçülik studentler we tutuşlaýyn goşulan obalar bardy" diýip, Germaniýanyň Haýdelberg uniwersitetiniň işgäri Sofiýe Roç aýdýar.

Duşenbe. Nusrat Nazarow (Tanymal Abuholidi Kulobi) we "YD" toparynyň hatarynda söweşýän başga bir täjik.
Duşenbe. Nusrat Nazarow (Tanymal Abuholidi Kulobi) we "YD" toparynyň hatarynda söweşýän başga bir täjik.

Duşenbe. Nusrat Nazarow (Tanymal Abuholidi Kulobi) we "YD" toparynyň hatarynda söweşýän başga bir täjik.

Bilermen derňewçi Edward Lemonyň aýtmagyna görä, "YD" topary köplenç sosial taýdan ýekirilen ýa-da psihologiýasyna zeper ýeten we öz içki dünýäsinde agyr ýagdaýlary başdan geçirýän adamlary öz hataryna çekip bilýär. Onuň nygtamagyna görä, orsça "werbowka" diýilýän, ýagny "adamyň aňynyň üýtgedilmegi" esasan-da millionlarça täjik zähmet migrantynyň işleýän ýeri bolan Russiýada amala aşyrylýar.

Sofiýe Roçyň pikrine görä bolsa, täjik zähmet migrantlarynyň öz ýagdaýyndan "kemsinmegi" munda diýseň möhüm rol oýnaýar. Russiýada şowsuzlyga uçran, ýeterlik ýagdaýda gazanç edip, jemgyýetde haýsam bolsa bir status alyp bilmeýänler dine baş goşýarlar we dini toparlarda hormat görýärler.

XS
SM
MD
LG