Sepleriň elýeterliligi

AÝ/AR-nyň habarçysy Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasynda sud edilýär


Žurnalist Mykola Semena

AÝ/AR-nyň habarçysy Orsýetiň Krymy öz düzümine goşandygy barada ýazan makalasy ukrain aktiwistleriniň ýarymadany blokada etmek baradaky inisiatiwasyna goldaw bildirendigi sebäpli separatizm bilen bagly aýyplamalaryň esasynda Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda suda çekildi.

Mykola Semenanyň 20-nji marta Simferopol şäherinde başlanýan sud diňlenişigi bilen bir wagtda Orsýete halkara derejesinde edilýän basyşlar güýçlenýär we günäli tapylan ýagdaýynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilinjek žurnalisti boşatmak talap edilýär.

66 ýaşly Semena garşy aýyplamalar onuň AÝ/AR-nyň Krym.Realitii websaýtynda 2015-nji ýylda çap eden makalasy bilen bagly. Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen hökümeti makalada “Orsýetiň territorial bütewüligini bozmaga” çagyryş bar diýýär.

Maglumat websaýtda Krym barada alnyp barylan giň göwrümli diskussiýanyň bir bölegi bolup, blokada garşy ýazylan ozalky pikire jogap bolupdy.

Semena Krymy terk etmek gadagan edildi we Simferopolyň daşyna çykmak üçin rugsat soramaga mejbur edildi.

Žurnalistiň sudy Ýewropa Parlamentiniň geçen hepdede Moskwadan Orsýetde, Krymda we orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki gündogar Ukrainada tussag edilen we azatlygy çäklendirilen 30 çemesi ukrain raýatyny boşatmagy talap edip çykaran rezolýusiýasynyň yzýanyna gabat geldi. Rezolýusiýada AÝ/AR-nyň habarçysy Mykola Semenanyň erkin hereket etmegine rugsat bermek talap edildi.

XS
SM
MD
LG