Sepleriň elýeterliligi

Hökümeti tankyt edýän aktiwist howpsuzlygy sebäpli Gazagystany terk etdi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hökümetini tankyt eden gazagystanly blogger öz howpsuzlygyndan howatyrlanýandygyny aýdyp ýurdy terk etdi.

Žanar Ahmet özüniň 9 ýaşly ogly bilen bilelikde 17-nji martda Kiýewe barandygyny we Ukrainanyň paýtagtynda galmagy planlaşdyrýandygyny AÝ/AR-na aýtdy.

Ahmet özüniň Gazagystany terk etmek kararyna soňky aýlarda birnäçe gezek dürli aýyplamalaryň, şol sanada nädogry ýerde köçeden geçmek bilen bagly aýyplamalaryň esasynda suda çekilensoň gelendigini aýtdy. Ol aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Soňky ýyllarda azyndan üç gazagystanly aktiwist Moldir Adilowa, Aidos Sadykow we Natalya Sadykowa öz ýurduny terk edip Ukraina bardylar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri Gazagystana ýolbaşçylyk edýän Nazabaýew başga pikirlilige çydamsyzlyk görkezýär.

XS
SM
MD
LG