Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garlykdaky kombinaty 31-nji martda açmak maslahat edildi


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat
Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat

Türkmenistanyň gündogar böleginde gurulýan Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty 31-nji martda dabaraly ýagdaý açmak meselesi türkmen belarus resmileriniň arasynda maslahat edildi, diýlip media maglumatlarynda aýdyldy.

Bu mesele Belarusyň Respublika geňeşiniň milli mejlisiniň başlygy Mihail Mýasnikowiçiň Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Ereşow bilen Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde maslahat edilipdir.

Resmi maglumata görä, Mýasnikowiçiň 15-18-nji mart aralygynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda belarus kompaniýalary tarapyndan gurulýan Garlykda dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kärhanadaky işleriň gidişine syn edipdir.

Belarus tarapy gurluşygy mart aýynyň aýagynda tamamlamagy geçen ýylyň dekabr aýynda wada beripdi.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky şertnama görä, umumy bahasy 1 milliard dollarlyk kombinat 2015-njy ýylda gurlup gutarylmalydy.

Bu mesele geçen ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda dawanyň tutaşmagyna sebäp bolupdy. Türkmenistan gurluşyk möhletini yza çekmekde Belarusy aýyplady, Belarus türkmen tarapyny hasaplaşygy wagtynda berjaý etmezlikde günäledi.

Türkmenistan Garlykdaky kombinatda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG