Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmisi YD-nyň “Talybanyň” kömegi bilen Merkezi Aziýanyň serhedine barandygyny Interfaksa aýtdy


Täjigistanyň Owganystan bilen serhedindäki Şuroobod etraby
Täjigistanyň Owganystan bilen serhedindäki Şuroobod etraby

Owganystanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Hanif Atmar “Talybanyň” kömegi bilen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň serhedine barandygyny Interfaks agentligine beren interwýusynda aýdypdyr.

Orsýet mediasyna görä, owgan resmisi bu pikiri “Talybany” YD toparyna garşy ulanmak mümkinçiligine degişli mesele babatynda öňe sürüpdir.

Atmar Orsýetde gadagan edilen YD toparynyň Owganystandaky öýjügine garşy göreşde “Talybany” ulanmak pikiriň ýalňyşdygyny belläp, “Talyban we YD - şol bir zat. Olaryň gelip çykyşy, bähbitleri we idelogoýasy birdir” diýip, Interfaks agentligine aýdypdyr.

“Olary şol ýere ‘Talyban’ eltdi” diýip, Atmar serhetýaka regionlarynda beýleki terrorçy toparlaryň hem hereket edýändigini habar beripdir.

“Olaryň ählisi Merkezi Aziýa üçin howpludyr, sebäbi olaryň owgan talyplary bilen ýakyn gatnaşyklary bar. Şonuň üçin ilkinji derejeli mesele – olaryň arasyny bölmek we “Talybany” parahatçylyk prosesine hem milli ýaraşyga getirmek” diýip, Atmar agzalan iki toparyň agzalarynyň birleşip başlandygyny Interfaksa beren interwýusynda mälim edipdir, şeýle-de ol “Owganystanyň demirgazyk-gündogar welaýaty Gunduzda şeýle boldy. Şol ýere olar bize garşy bilelikde söweşýärler” diýipdir.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 700 kilometrden gowrak umumy serhedi bar.

XS
SM
MD
LG