Sepleriň elýeterliligi

Parahat 7/1: Ýyladyş turbalary ýene ýaryldy


Aşgabadyň Parahat 7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynda iş geçirip ýören işçi.

Aşgabadyň Parahat 7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynda iş geçirip ýören işçi.

Aşgabadyň Parahat 7/1 etrapçasynyň 19-njy jaýynyň aşagynda ýerleşýän ýyladyş sistemasynyň turbalary şu ýyla geçip, eýýäm 3-nji gezek ýaryldy.

Turbalaryň häli-şindi ýarylyp durmagynyň dürli kynçylyklary döredýänliginden ýaşaýjylar juda nägile bolýarlar.

Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlary suwuň kesilmeginden, çygly howada ýyladyş sistemasynyň bejergi üçin öçürilmeginden kösenseler. Jaýyň aşaky gatynda ýaşaýanlar ýerzeminden gelýän çygly howa bilen porsy ysdan hem halys bizar bolýandyklaryny aýdyp zeýrenýärler.

“Ýyladyş sistemasynyň ýerzemindäki turbalary ýaryldygy, jaýyň birinji gatyndaky otaglarda porsy ys peýda bolup başlaýar. Otagyň içi çygly howadan dolup, demiňi tutýar. Sowuk howaly günlerde garrysy ýa ýaş çagasy bolan öýler penjiräni açyp hem goýup bilmeýärler.

Ýürek agyrly, demgysmaly ýa öýken sowuklamasyndan ejir çekýän näsagyň bar bolsa, onda ony hassahana ugradaýmaly ýagdaýa ýetirýär. Özüni sagat duýup oturan adamlaryňam derdi artyp başlaýar” diýip, 19-njy jaýyň 69 ýaşly ýaşaýjysy Gurbangül daýza aýdýar.

Jaýlaryň aşagyna giden hapa suwlar hem birnäçe günläp siňmän durýar. Gyş günleri turbalardan akan suwuň ýerzeminlerde guramagy üçin birnäçe gün gerek bolýar.

Şol günleriň dowamynda birinji gatyň ýaşaýjylary hapa-porsy ysdan dem almagyny dowam edýärler. Jaýlaryň içinde plintuslar çişip, gopuşyp başlaýandygy hem aýdylýar.

Gurbangül daýzanyň sözüne görä, turbalaryň ýarylyp, ýerzeminlere suwuň akyp başlandygyny ýaşaýyş jaý müdirligine habar bereniňden soňam, olar wagty bilen turbalary bejermäge gelmeýärler. Ussalar gelenden soňam, ýarylan turbalary bejermek üçin ýene bir ýarym gün gerek bolýar. Şonça wagtyň dowamynda bolsa öýlerde suw kesilip, sowuk howada otaglar sowap, ýaşaýjylar görgi baryny görýärler.

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň çäginde häli-şindi şeýle hadysalaryň ýüz berip durýanlygy sebäpli, işçileriň bu işleri düzetmäge ýetişip bilmeýändigini hem olaryň özüden eşitmek bolýar.

Şeýle hadysalar her günde birnäçe gezek ýüz berýändigini, haýsy jaýyň ýerzeminini alsaňam, olara goýlan turbalaryň aslynda çüýrük turbalardygyny, olary çalyşmak üçin Eýranda öndürilip, ýurda getirilýän turbalaryňam hiliniň juda ýaramaz bolýanlygy sebäpli, bejerlen ýerleriňem, ýene-de gaýtalanyp zaýa bolýandygyny işçiler aýdýarlar.

Aşgabadyp Parahat-7 etrapçasynda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hiliniň juda ýaramazlygy barada ýaşaýjylar howatyrly gürrüňleriň bardygny hem aýdýarlar.

“Ýerzeminlerde ýarylýan suw turbalaryndan, lagym turbalaryndan, ýyladyş sistemasynyň turbalaryndan häli-şindi akýan suwlardan jaýyň çökýändigini görse bolýar. Jaýyň içinde suwaglar galyp, diwarlarda çyzyklar emele gelýär” diýip, Gurbangül daýza aýdýar.

“Şu jaýyň gurluşygyny amala aşyran Arkaçgurluşyk önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylaram, şular ýaly hil taýdan pes gurlan jaýy kabul edip alýan degişli ýolbaşçylaram öz bitiren işlerinden hoşal bolup, arkaýyn ýatyp, ukusyny alyp bilýärmikä? Ilatyň kösençlikleri olaryň gulagyna ilmeýärmikä?” diýen ýaly gürrüňleri, ýaşaýjylaryň özara zeýrençlerini häli-şindi eşitmek bolýar.

Emma jaýyň hili bilenem, ilatyň çekýän kösençlikleri bilenem gyzyklanýan ýolbaşçynyň ýokdugyny paýtagtyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda hem , soňky gurulýan Parahat-8 ýaşaýyş jaý toplumynda hem gurluşyklaryň hiliniň peselmese gowulanmaýandygyny bu jaýlarda ýaşaýan ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG