Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl ot açylandan soň, Siriýanyň howa goranyş sistemasyny ‘dargatjakdygyny’ duýdurdy


Hizbulla harby-ýaragly toparynyň agzalary "Hizbollah" toparynyň lideri Hassan Nasrallahyň çykyşyny diňleýärler. Awgust, 2015 ý.
Hizbulla harby-ýaragly toparynyň agzalary "Hizbollah" toparynyň lideri Hassan Nasrallahyň çykyşyny diňleýärler. Awgust, 2015 ý.

Ysraýyl özüniň söweş uçarlaryna garşy howa-goranyş sistemasyndan peýdalanmazlyk barada Damaska duýduryş berdi. Muňa sebäp bolan jeňçi topar Hizbulla ýarag alyp barýanlykda güman edilen bir konwoýa hüjüm eden Ysraýyl uçarlaryna Siriýa tarapdan ot açylmagy boldy.

19-njy martda Ysraýylyň goranmak ministri Awigdor Lieberman:“Siriýa indiki gezek biziň uçarlarymyza garşy özüniň harby howa sistemasyndan peýdalansa, biz ikirjiňlenmän olary dargadyrys” diýdi.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždanlyk urşunda hökümet güýçleri bilen birlikde Hizbulla-da söweşýär.

Liwanda ýerleşýän we Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçi şaýy topar Ysraýylyň ganym duşmany hasaplaýar. Ol geçen on ýyllykda Ysraýyla müňlerçe raketa atdy.

Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlar Hizbulla toparyna terroristik gurama, şeýle hem esasan şaýy Eýranyň “proksisi” diýip garaýarlar.

17-nji martda Ysraýylyň söweş uçarlary Siriýada çölde ýerleşýän Palmyra şäheriniň golaýynda birnäçe ýere hüjüm etdiler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hüjümlerde Hizbulla jeňçilerine iberilen ýaraglaryň nyşana alnandygyny aýtdy.

Siriýanyň harbylary hüjüm gidip otyrka, Ysraýylyň bir uçaryny atyp ýykandyklaryny, ýene bir uçara hem zarba urandyklaryny aýdýarlar.

Ysraýylyň aýtmagynä görä, zarba degen uçar ýok, ýöne hüjümden soňra birnäçe raketa atylypdyr.

“Haçan hem bolsa, Siriýadan Liwana ýarag daşalýandygyny bilsek, biz ony togtatmak üçin herekete geçeris. Bu barada eglişik bolmaz” diýip, goranmak ministri Lieberman aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Ysraýyl Siriýada barýan graždanlyk urşuna garyşmak ýa Siriýada Başar al-Assadyň hökümetini goldaýan ors güýçleri bilen konfrontasiýa islänok.

Siriýada iki ýurt bir-birinden tapawutly bähbitleri yzarlasalar-da, iki tarapyň arasynda tötänden döremegi mümkin çaknyşyklardan saklanmak üçin, göni telefon gatnaşygyny ýola goýmak maksady bilen Netanýahu soňky aýlarda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Siriýada 2011-nji ýylyň 15-nji martynda hökümetiň demokratiýa ugrundaky protestleri basyp ýatyrmagy sebäpli başlanan graždanlyk urşunda, çak edilişine görä, 300 müň çemesi adam ölüp, millionlarça adam öý-öwzaryndan jyda düşdi.

Birleşen Ştatlar bilen Türkiýe dürli gozgalaňçy toparlary goldasalar, Orsýet bilen Eýran Assady goldaýarlar.

Urşa “Yslam döwleti” atly toparyň-da jeňçileri goşuldy. Bulara bolsa iki tarap-da garşy.

XS
SM
MD
LG