Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Moskwa sapar eder, emma NATO-nyň duşuşygyna gatnaşmaz


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson maý aýynda Ýewropa etjek saparynyň çäginde Orsýete ilkinji saparyny amala aşyrar.

Emma Tillersonyň NATO-nyň 5-6-njy aprelde geçiriljek we prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň işe girişmeginden soň guramanyň 27 agzasynyň ählisi bilen duşuşmagy üçin birinji mümkinçilik döredýän maslahatyna gatnaşmaz.

Döwlet Departamenti bu barada 20-nji martda eden beýannamasynda aýtdy, emma Tillersonyň NATO-nyň maslahatyna gatnaşmazlygynyň sebäbini düşündirmedi.

Reutersyň ABŞ-nyň ady agzalmadyk resmilerine salgylanmak bilen habar bermegine görä, Tillerson Brusselde geçiriljek ýarym ýyllyk maslahaty sypdyryp, 6-7-nji aprele bellenen prezident Trampyň Hytaýyň ýolbaşçysy Ksi Jinping bilen Floridada geçirjek gepleşigine gatnaşar. Munuň yzýany Tillerson “Uly-7” guramasynyň Italiýada boljak sammitinden soň Moskwa barar.

NATO-nyň aprelde boljak maslahatyna döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Tom Şannon gatnaşar, diýip Döwlet departamenti aýtdy.

Döwlet sekretary Tillesonyň Moskwa sapary baradaky maglumatlar ABŞ-nyň resmileriniň prezidentlik saýlawlary bilen baglylykda ýüze çykan kiber hüjümiň dowamynda orsýet resmileriniň we Trampyň kampaniýasynyň resmileriniň arasynda bolan duşuşyklary boýunça geçirýän derňewlerine gabat geldi.

XS
SM
MD
LG