Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Owganystan bilen iki sany serhet geçelgesini açdy


Pakistanyň we Owganystany arasynda ýerleşýän Tarkham serhet geçelgesinden geçmek mümkinçiligine garaşýan adamlar, 7-nji mart, 2017.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýurdunyň Owganystan bilen iki sany serhet geçelgesini 20-nji martda gaýtadan açmagy tabşyrdy we munuň “hoş niýetiň alamatydygyny” aýtdy.

Torkham we Çaman atly serhet geçelgeleriniň 16-njy fewralda ýapylmagy ýüzlerçe müň adamyň ejir çekmegine getirdi.

Pakistanyň Peşawar we Jalalabad arasyndaky Torkham geçelgesini we Kwetta we Kandahar arasyndaky Çaman geçelgesini ýapmagy söweşijileriň birnäçe hüjümi zerarly 130-dan gowrak adamyň öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Yslamabat şol hüjümleriň Owganystan tarapyndan edilendigini aýdýar.

Şarifiň serhet geçelgelerini açmak karary Pakistanyň we Owganystanyň ýokary derejeli diplomatlarynyň Londonda duşuşyp, serhetýaka regionlarynda terrorçylaryň gizlenmegi bilen bagly mesele boýunça öz aladalanmalaryny paýlaşmagynyň yzýanynda yglan edildi.

XS
SM
MD
LG