Sepleriň elýeterliligi

Täze hasabat 20 milliard dollaryň Orsýetden bikanun çykarylandygyny mälim etdi


Guramaçylykly jenaýatlar we korrupsiýa boýunça hasabat beriji proýektiň (OCCRP) hasabaty

Täze derňew hasabaty 2010-njy we 2014-nji ýyllaryň arasynda gümürtik ýollardan gazanylan pullary kanunlaşdyrmak boýunça giň göwrümli kampaniýanyň dowamynda azyndan 20 milliard dollaryň Orsýetiň daşyna çykarylandygyny mälim etdi.

Guramaçylykly jenaýatlar we korrupsiýa boýunça hasabat beriji proýektiň (OCCRP) orsýetli, moldowaly we beýleki ýurtly partnýorlar bilen taýýarlanyp, 20-nji martda çap eden hasabatyna görä, gatnaşygy bolandygy güman edilýän köp orsýetliniň Orsýetiň hökümeti we howpsuzlyk gulluklary bilen gatnaşygy bar.

“Şol pullaryň birnäçesiniň galp ýollar bilen Orsýetiň maliýe gaznasyndan, döwlet kontraktlaryndan ýa-da gümrük we salgyt fondlaryndan alnan bolmagy mümkin” diýlip, hasabatda aýdylýar.

OCCRP guramasynyň 2014-nji ýylda çap bolan deslapky hasabatynda Orsýetiň gözegçiligindäki 21 kompaniýasynyň gatnaşmagynda dünýäniň 96 ýurduna pul ibermegine degişli 70 müň çemesi gümürtik operasiýanyň amala aşyrylandygy habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG