Sepleriň elýeterliligi

‘Howply ýurtlara’ sapar edýän türkmenistanlylar soraga çekilýär


Illýustrasiýa

Türkmenistanda Türkiýä we Ukraina sapar eden türkmen raýatlarynyň soraga çekilýändigi we olaryň “howply ýurtlara” gitmejekdigi barada ýazmaça söz bermäge mejbur edilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň kanun goraýjy organlaryndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, ýakynda agzalýan ýurtlara sapar eden türkmenistanlylar Aşgabat şäherindäki Milli Howpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” çagyrylýar we olardan degişli ýurda näme üçin sapar edendigi, ol ýerde kim bilen duşuşandygy we nirelere barandygy ýaly soraglar berilýär.

Bu “söhbetdeşlige” çagyrylanlaryň biriniň sözüne görä, soraglardan soň, raýatlar özleriniň Siriýa, Owganystan, Yrak, Müsür, Ukraina we Türkiýe ýaly “howply ýurtlardan” habarly edilendigi we bu döwletlere indi sapar etmejekdikleri barada “düşündiriş” ýazmaga mejbur edilýär.

Şahsy maglumatlar ýygnalýar

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, bu waka Aşgabatda çagalary ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtlarda okaýan we işleýän türkmenistanlylaryň paýtagtyň degişli polisiýa departamentlerine çagyrylýandygy barada maglumatlaryň ýaýramagyndan tas üç hepde soňa gabat geldi.

Käbir aşgabatlylaryň we polisiýa resmileriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna aýtmaklaryna görä, soraga çekilýän türkmenistanlylardan daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän maşgala agzalarynyň şahsy maglumatlaryny tabşyrmak talap edilýär. Ol talaplaryň arasynda daşary ýurtdaky türkmen raýatynyň suraty, pasportynyň we ýazga duran jaýynyň öý kitapçasynyň kopiýasy, kakasynyň pasportynyň kopiýasy bar.

Mundanam başga, Türkiýede we Ukrainada okaýan käbir türkmenistanly studentleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, daşary ýurtdaky türkmen raýatlarynyň ýurda gelende soraga çekilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý indi 2016-njy ýylyň tomsundan bäri dowam edýär.

'Terroristlere nähili garaýarsyň?'

“Men geçen tomusky dynç alyşda Türkmenistana baranymda, meni Aşgabadyň aeroportunda aýratyn bir otaga salyp, soraga çekdiler. Menden haýsy uniwersitetde, näçinji kursda okaýandygymy soradylar. Şeýle-de, “Nirede galýaň?, Türkiýede käbir toparlar ýa-da ‘jemagatçylar’ bilen baglanyşygyň boldumy? Terroristlere nähili garaýarsyň?” diýen soraglary berdiler. Bu soraglara jogap berenimden soň, maňa “gidiber” diýdiler” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen studenti gürrüň berdi.

Ol bu sowallaryň diňe özüne däl, başga-da onlarça tanşyna berlendigini aýdyp, käbirleriniň soňundan öz ýaşaýan etrabynyň howpsuzlyk resmileri tarapyndan gaýtadan soraga çekilendigini aýdýar.

Ene-atalar bilen ýörite ýygnaklar

Mundanam başga, türkmenistanly student geçen ýylyň tomus paslynda Türkiýede bolan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, çagalary daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän ene-atalar bilen degişli etrap ýa-da şäher häkimliklerinde ýörite ýygnaklaryň geçirilýändigini gürrüň berdi.

“Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherçesiniň, Garabekewül we Saýat ýaly etraplarynyň häkimliklerinde indi dokuz-on aý bäri yzygider ene-atalar ýygnagy geçirilýär. Şol ýygnaga çagalary daşary ýurtlarda okaýan ene-atalar çagyrylýar. Olara ‘daşary ýurtlardaky çagalaryňyzdan, maşgala agzalaryňyzdan habar tutup duruň, olaryň nirede galýandyklaryny öwreniň. Olar başga toparlar bilen gatnaşyga girmesinler” diýlip, duýduryş berilýär” diýip, türkmen studenti aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän ýurtlara sapar eden türkmen raýatlarynyň soraga çekilmegi we daşary ýurtdaky türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagy we onuň sebäpleri barada häzire çenli resmi beýanat bilen çykyş etmediler. Bu barada Türkmenistanyň media serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG