Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus lideri 20 ýaragly 'prowokator' saklandy diýýär


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka, Mahilyou, 21-nji mart, 2017
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka, Mahilyou, 21-nji mart, 2017

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Belarusda “ýaragly prowokasiýany” amala aşyrmagy planlaşdyran 20 sany ýaragly saklandy diýip, 20-nji martda aýtdy.

Lukaşenka saklanan adamlaryň Belarusda, Ukrainada, şeýle-de Litwada hem Polşada söweşijileriň lagerlerinde türgenleşdirilen bolmagyny çak etdi. Şeýle-de ol Litwadaky we Polşadaky çeşmeleriň olary maliýeleşdirendigini aýtdy.

Lukaşenka bu çykyşyny öz syýasy garşydaşlaryny “Günbatardaky fondlaryň we gizlin gulluklaryň maliýe goldawy bilen Belarusda dartgynlylygy döretmek” isleýän “bäşinji kolonna” diýip atlandyrmagyndan bir gün geçensoň etdi.

Soňky hepdelerde müňlerçe adam öňki sowet respublikasynyň köçelerine çykyp, zähmet kanunyna garşy çykyş etdi. Bu çykyş Belarusda soňky ýyllarda hökümete garşy dörän iň uly protest aksiýasyna öwrüldi.

Protestçiler hökümetiň işsiz raýatlary “sosial mugthorlar” diýip atlandyryp, olara salgyt salmak boýunça planlaryna närazylyk bildirýärler. Protestler Lukaşenkanyň kanuny yza tesdirmegi karar etmegine garamazdan dowam etdirilýär.

1-nji martdan bäri 150-den gowrak protestçi tussag edildi. Olardan onlarçasy jerime sezewar boldy ýa-da 15 günlük tussaglyga höküm edildi.

Protestleriň dowamynda ýarag bilen bagly hiç hili habar ýüze çykmandy.

XS
SM
MD
LG