Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: 'Gara bazarda’ dollar 8 manada golaýlady


Türkmenistandaky dollar nobatlarynyň biri.

Aşgabatda amerikan dollarynyň ‘gara bazardaky” bahasy barha ýokarlanýar. Aýdylmagyna görä, mundan bir hepde çemesi ozal 1 amerikan dollaryny 7 manat 10 teňňeden satyp, 7 manat 50 teňňä satyn alyp bolan bolsa, häzir ony 7 manat 50 teňňeden satyp, ortaça 7 manat 80 teňňeden satyn alyp bolýar.

Azatlyk Radiosy dollaryň gymmatlamagy we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Şol bir wagtda, ýurtda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň söwdasyna we konwertasiýasyna girizilen çäklendirmeler dowam edýär. Bu çäklendirmeleriň netijesinde dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhynyň gün-günden ýokarlanýandygy aýdylýar.

Munuň netijesinde söwdagärleriň we daşary ýurtda okaýan türkmen studentleriniň, şeýle-de öz saglygyny daşary ýurtlarda bejertmek isleýän türkmenistanlylaryň kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigi barada Azatlyk Radiosyna dürli maglumatlar gelip gowuşýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG