Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň owgan serhedine howsalaly gözegçiligi


"Talyban" hereketiniň söweşijileri.

Ýaz aýlarynyň ýakynlamagy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň günortasyndaky ýagdaý adamlary aladalandyrýan bolsa gerek. Serhediň aňyrsynda, Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýy 2014-nji ýyldan bäri gitdigiçe ýaramazlaşýar.

Geçen onýyllykda, belki, ondan hem köpräk wagt bäri Demirgazyk Owganystan, aýratyn-da Kabul, Gandahar we Jalalabat regionlarynyň problemalardan çetde ýerleşýän günbatar-demirgazyk bölekleri belli bir derejä çenli asuda sebit hasaplanýardy.

Üstümizdäki gyş Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetdeş welaýatlarynda söweşler boldy, indi bolsa talyplaryň adata öwrülen bahar hüjümlerine garaşylýar.

Merkezi Aziýanyň raýatlaryny öz içine alýan jeňçi toparlar-da ýok däl.

Şeýle hem “Yslam döwleti” atly toparyň tarapyny çalýan we özüni “Sedai Helafat” diýip atlandyrýan radiostansiýasy indi Owganystanyň demirgazygynda köplenç täjik we özbek dillerinde gepleşik berýär.

Bu ýyl Owganystandaky käbir adamlaryň arasynda Türkmenistan we Täjigistan owgan hökümeti tarapyndan duşman hasaplanýan owganlar bilen gatnaşyk açýar diýen şübhe-de ýok däl.

Häzirki ýagdaý garym-gatym welin, ýöne onuň basym mundan hem ýaramazlaşmagy mümkin. Siriýadaky we Yrakdaky jeňçi toparlara goşulmaga giden merkezi aziýaly jeňçileriň indi bu ýerledäki ýeňlişden gaçyp, Owganystana dolanýandygy aýdylýar.

Özbegistan bilen serhetdeş Balh welaýatynda Talyp güýçleriniň Germaniýanyň konsulhanasyna hüjüm etmegi muňa mysal bolup biler. Ýöne Balhdaky gazaply hereketler we gandöküşlik gündogardaky üç we günbatardaky dört welaýatdan pes bolmasa-da, medianyň ünsüni özüne köp çekenok.

Tahar, Gunduz, Balh we Jöwzjan welaýatlarynyň günortasynda, Farýabyň günbatarynda ýerleşýän Baglandaky, Samandardaky we Sari Puldaky ýagdaý Merkezi Aziýa bilen serhetdeş welaýatlardakydan has ýaramaz.

XS
SM
MD
LG