Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň aeroportynda ýanyňdaky puluňdan para-peşgeş alýarlar


Aşgabadyň halkara aeroportunyň 2-nji terminaly.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň aeroportynda gümrük hem howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň soňky wagtlarda daşary ýurda çykýanlaryň ýa-da yzyna gaýdyp gelýänleriň ýanyndaky pullara ünsi hasam güýçlendirendigi habar berilýär. Olaryň Aşgabadyň aeroportynda gelen-geçen käbir ýolagçylaryň ýanyndaky puldan özüne para-peşgeş alyp galýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan köp sanly maglumatlarda, ol ýerdäki resmileriň her 100 amerikan dollaryna 1 dollar para-peşgeş soraýandygy aýdylýar. Gümrük we howpsuzlyk işgärleri Aşgabadyň aeroportynda käbir ýolagçylaryň ýanyndaky nagt pullaryň hemmesini tapmak üçin, ýolagçylaryň içki geýmine çenli berk barlagdan geçirýändigi habar berilýär.

Adynyň efirde agzalmazlygyny isläp, Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir türkmen migrantyň aýtmagyna görä, ol Stambuldan Aşgabada baran mahaly resmiler ony gümrükde saklap, ýanyndaky bar puly çykaryp görkezmegini talap edýärler we Türkmenistanda dollar çäklendirmesiniň girizilendigini ýatladyp, her 100 amerikan dollaryndan 1 dollar özlerine para-peşgeş alyp goýberýärler. Ol diňe özüniň däl, eýsem beýleki käbir ýolagçylaryň başyna hem şeýle ýagdaýyň gelendigine şaýat bolandygyny we soň daşaryk çykyp, beýleki käbir ýolagçylardan soran mahaly olaryň hem bu ýagdaýy tassyklandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambula gatnap söwda-satyk edýän bir zenan hem ýaňky raýatyň beren maglumatyny tassyklaýar. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanda girizilen dollar çäklendirmesi bilen täze görnüşli peýdakeşlikler we korrupsiýa tilsimleri ýüze çykýar. Onuň pikrine görä, aeroportdaky resmileriň ýolagçylaryň ýanyndaky puldan özüne para-peşgeş almagy hem şeýle peýdakeşligiň bir görnüşi bolup durýar. Resmiler aeroportda dollar bilen ýurda dolananlaryň käbirine "Türkmenistana dollar getirmek gadagan. Bize ujundan bermelijäňi bermeseň, ýörite akt ýazyp, bar puluňy döwletiň hasabyna geçirip, özüňem kazyýete ibereris" diýip haýbat atýarlar we olaryň pulunyň ujundan özüne para-peşgeş alyp galýarlar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda elden pul gatnadýan, howpsuzlyk sebäpli adyny aýtmakdan saklanan bir raýatyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Türkmenistanda girizilen dollar çäklendirmesi bilen dörän häzirki "gara banklaryň" halkara pul aýlanyşygyndaky kadalary şundan ybarat: Türkiýeden Türkmenistana iberilýän her ýüz dollardan 3 dollar komissiýa alynýar. Aeroportdakylara hem her 100 dollardan 1 dollar para-peşgeş, ýagny paç tölenýär we Türkmenistandaky arada durýanlara berilýänler bilen puly almaly adamyň eline barýança her 100 dollardan 10 dollara çenli pul kesilip alynýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda girizilen dollar çäklendirmesi bilen il arasynda "gara banklar" döräp, hereket etmäge başlady. Ol "gara banklar" dürli möhlet we komissiýa bilen kreditler hem berýär. Aýdylşyna görä, şeýle "gara banklardan" ýerli organ işgärleri hem peýdalanýarlar. Türkmenistandaky banklaryň hupbatly walýuta proseduralary sebäpli adamlar peýdakeşlere ýüz tutmaly bolýarlar. Türkiýede işleýän migrantlar hem Türkmenistandaky hossarlaryna we dogan-garyndaşlaryna peýdakeşleriň ýa-da "gara banklaryň" üsti bilen pul iberýärler.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosyna aýdylýan bu gürrüňler bilen baglanyşykly Türkmenistanyň degişli resmilerden maglumat almak başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG