Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emma Stone: "Ölüm gorkusyny oýundan duýmak joşgunlydyr"


Emma Stone "La La Land" atly kinofilmdäki roly üçin, Oskar baýragyna mynasyp boldy.
Emma Stone "La La Land" atly kinofilmdäki roly üçin, Oskar baýragyna mynasyp boldy.

Bu ýyl "iň gowy film" ugry boýunça bäsleşikde ýeňiş gazanan "La La Land" atly kinofilmde oýnan roly bilen "iň gowy zenan roly" diýen Oskar baýragyna mynasyp bolan Emma Stone kinoaktrisa höküminde işe 19 ýaşynda başlanam bolsa, halk köpçüligi tarapyndan Alejandro Gonzalez Inarritunyň "Birdman" atly filminde surata düşensoň gowy tanalmaga başlapdyr. Wudi Alleniň muşdagy bolan E. Stone "the-talks.com" internet sahypasyna beren interwýusynda aýdym-saza bolan söýgüsi we ölüm gorkusy hakda söz açýar.

Çagalykdan aýdym-saz bilen ulalandygyny nygtan aktrisa bu söýgi ejesinden geçipdir. Emma sekiz ýaşynda ejesiniň "Les Miserables" atly muzikalyna tomaşa edensoň, özünde aýdym-saza nähili höwes dörändigini şeýle gürrüň berýär: "Ondan soň aýdym-saz we okamak meniň duýgylarymyň iň esasy çeşmesine öwrüldi. Çünki olar aýdyljak sözlerden has tasirlidi".

Şol döwürde aýdym-saz, esasanam tans bilen meşgullanmaga başlan aktrisa tansy özüniň iň halaýan sungat ugry hasaplaýar. On ýyllap tans mekdebine gatnan aktrisa höwesine we ukybyna garamazdan, tehniki jähtden diýseň ussat tansçy ýa-da balerina bolup bilmeýär. Ondan soň ol özüni aktýorlyk sungatynda synap görmek isleýär: "Men isleglerimiň aglabasyny durmuşa geçirip bilmeýärdim. Ýöne aktýorlyk meniň bilen düýbünden başga "dilde" gepleşdi. Arzuwlarymy aktrisa höküminde amala aşyryp biljekdigime gözüm ýetdi. Oýnamak, entek çagakam bar ukybymy seljermegime we ony kämilleşdirmegime kömek edýärdi".

Çagaka "alňasamakdan" ejir çekendigini aýdýan Emma üçin sahna esasy terapiýa bolupdyr: "Sahna çykmaga başlanymdan soň, çylşyrymly we agyr hasaplaýan zatlaryma çemeleşmekden has az gorkmaga başladym. Çünki, aktýorlyk daş-töweregiňde bolup geçýän zatlardan bir salym daşlaşmak ýaly bir ýagdaý döredýär. Aslynda oýnuň ynjalyksyzlygyň dermanydy bolup durýandygyny nygtamaýaryn. Emma siziň içki dünýäňizde sizi çakdanaşa köp oýlanmaga mejbur edýän güýçli hyjuw bar bolsa, onda ol sizi alňasadyp biler. Mundan birnäçe ýyl owal Kabarede bolanymda "aýdymçylyk ukybymy" görkezmäge-de pursat boldy. Bu gaty gülkünçdi. Sebäbi şonda arakesme berip, gepleşer ýaly hiç hili pursat ýokdy. Haçan-da, aýdym aýdanymda, bar tomaşaçylar aýaga galdy. Şonda-da men aýdym aýtmagyň deregine bar güýjüm bilen gygyrýardym. Aýdym durşy bilen üýtgedi, göýä "Studio 54" sahnasynda däl-de, öz ýatak jaýymda ýaly aýdýardym".

Ençe ýyllap tans okuwyna gatnanam bolsa "La La Land" atly kinofilmde oýnan bal tanslary oňa diýseň agyr düşüpdir. Çep aýagynda owaldan galan agyry bolany sebäpli kinodaky tans sahnalarynda ejire döz gelmeli bolupdyr. Emma oýnan rolunda tansyň tehnikasyna däl, eýsem rolunyň hiline has köp türgenleşendigini aýdýar.

Emma Stone baş rolda. "La La Land" atly filmiň treýleri.

Adamlar oňa meşhurlyk gazanandygyny aýdan mahaly Emma Stone diýseň mundan ynjalyksyzlanýar. Tanymal bolmagyna garamazdan "Studio 54" sahnasynda aýdym aýtmak owalkylardan aňsat düşmeýär. Ýöne aktrisa indi ýalňyşmakdan gorkmaýar: "Häzirki ýagdaýda men öz eden işlerim, goýberen hatalarym barasynda oýlanýaryn we öz-özüme "hemme zat ýerli-ýerinde" diýýärin. Bu özüňden hoşal bolup, "sen her bir zady hemmelerden gowy başarýarsyň" diýmek däl. Gaýtam, onuň tersine bu "sen bu ýerde biraz ejizlediň, ýöne aýyby ýok" diýmekdir. Onuň üçinem özüňi gynamagyň gerek ýok".

Emma adaty durmuşda diýseň duýgur. Wagtyň geçmegi bilen ol bu häsiýetine hem erk etmegi öwrenipdir. Aktrisanyň aýtmagyna görä, ol häzir hiç zady kynlaşdyrmaýar: "Aşa duýgurlygym aslynda özümi ýazgarmagyma baglydy. Indi men ynjalyksyzlygyň, aljyramagyň, alňasamagyň aslynda gorkudygyny öwrendim. Biz aslynda nämeden gorkýarys? Ölümden. Başga gorkar ýaly zat ýok. Şonuň üçinem bu gorka bähbitli tarapdan garamak gerekdir".

Onuň pikrine görä, ölüm gorkusyny-da peýdaly tarapdan ulanmak gerekdir: "Aýdylşyna görä, alňasamak demsiz joşgundyr. Siz dem alyp ýaşaýarsyňyz. Ýöne haçan-da demiňiz tutulanda, gorky joşguna öwrülýär".

Režissýor Woody Allen we Emma Stone Kann festiwalynda.
Režissýor Woody Allen we Emma Stone Kann festiwalynda.

Diýmek, Emma gorkusyny başga energiýa öwürmegiň hötdesinden gelipdir: "Bu energiýandan oňaýly ýagdaý üçin peýdalanmak mümkindir. Meselem, aktýorlyk, kyssa aýtmak ýa-da döredijilik ýaly. Bu energiýa bilen köp zady edip bilerin. Bu adamyň içindäki hyjuw ýaly bir güýç. Hiç kim muny meniň deregime ulanyp bilmez. Ne söz, ne kino, ne-de başga bir zat. Bu diňe we ýeke-täk meniň özüme mahsus güýç. Muňa akyl ýetirmegiň maňa gaty uly kömegi degdi. Ýogsam oýa batyp galýardym we şeýle aşa duýgurlyk maňa durmuşda päsgel berýärdi. Hiç zat ömürlik däl. Gelip geçmeli dünýä. Meniň ömrüm hem edil şonuň ýaly. Ylaýta-da adam özüni gowy duýmaýan halatynda şeýle pikir etmek peýdaly bolup biler. Men ulumsy görünmek islemeýärin. Ýöne durmuşdan ir gitmek hem islemeýärin. Ýaşamakdan lezzet alýaryn. Ýöne pursatlardan peýdalanmak we olaryň hemişe bolmajagyny hem bilmek zerurdyr. Bu meni bir zadyň bolmagyna garaşyp oturmagyň deregine herekete mejbur edýär. Men durmuşy öwrenmek, açyşlar etmek we täsinlikleri başdan geçirmek isleýärin".

XS
SM
MD
LG