Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MGU-nyň aspiranty ukrain baýdagy üçin ýenjilendigini aýdýar


Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginiň üçünji ýyl dönüminde Moskwanyň döwlet uniwersitetinde (MGU) geçirilen konsert, Moskwa, 18-nji mart, 2017
Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginiň üçünji ýyl dönüminde Moskwanyň döwlet uniwersitetinde (MGU) geçirilen konsert, Moskwa, 18-nji mart, 2017

Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň aspiranty (MGU) Orsýetiň Krymy bikanun anneksiýa etmeginiň üçünji ýyl dönüminde ukrain baýdagyny galdyrandygy üçin Milli howpsuzlyk gullugy (FSB) tarapyndan urlup-ýenjilendigini we soraga çekilendigini aýtdy.

MGU-nyň taryh fakultetiniň studenti Zahar Sarapulowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ol 21-nji martda golaýdaky polisiýa bölümine alnyp barylypdyr we özlerini FSB-niň ofiserleri hökmünde tanadan adamlar tarapyndan sorag edilipdir.

Sarapulow soňra özüniň howpsuzlyk gulluklaryna maglumat ýetirmäge razydygy barada arza ýazmaga mejbur edilendigini aýtdy.

Orsýetiň “Goworit Moskwa” radiostansiýasy agzalan polisiýa bölüminiň nobatçy ofiserine salgylanyp, şol ýerde şeýle wakanyň bolmandygyny habar berdi.

Ukrain baýdagyny galdyrmak bilen bagly hereket Orsýetiň Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagynyň üçünji ýyl dönümi sebäpli 18-nji martda geçirilen konsertiň dowamynda ýüze çykdy. Uniwersitetiň territoriýasynda bolan konserte ýüzlerçe müň adam gatnaşdy.

Sarapulow umumy ýaşaýyş jaýynyň aýnasyndan ukrain baýdagyny asmak bilen studentleriň ýaşaýan şertleri onlarça ýyllap ýaramazlygyna galýarka, senäni bellemek üçin sarp edilen çykdajylara protest bildirmek isländigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG