Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň döwlet sekretary Tillerson Senatdan Çernogoriýany NATO kabul etmegi sorady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Senatyň liderlerine hat üsti bilenýüzlenip, olary Çernogoriýanyň NATO goşulmagy baradaky arzasyny oňlamaga çagyrdy we munuň “ABŞ üçin örän bähbitlidigini” aýtdy, diýlip 21-nji martda media maglumatlarynda habar berildi.

Tillerson 7-nji martda ýazan hatynda Çernogoriýanyň harby bileleşige agza bolmagynyň Balkanlarda integrasiýany, demokratik reformalary, söwdany, howpsuzlygy we durnuklylygy ýaýbaňlandyrmaga goldaw boljakdygyny nygtady, diýip Reuters habar berýär.

Respublikan senatorlar Rand Paul we Mike Lee Senatda geçirilmeli ses berişligi bir aý yza tesdirdiler. Paul NATO-nyň ýaýbaňlanmagyna garşy çykyş edýän Orsýetiň gaharyny getirmek we kiçijik ýurduň bileleşige agza bolmagynyň bahasy ýaly meseleleri öňe sürdi we bu ýurduň ABŞ-nyň gorag meselesinde oýnap biljek roluna şübhe bildirdi.

650 müň ilatly Çernogoriýanyň NATO agza bolmagy üçin onuň kabul edilmegini bileleşigiň 28 agza ýurdunyň ählisiniň makullamagy gerek.

XS
SM
MD
LG