Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna hormat goýýandygyny aýtdy


Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň ýaraglar, köpçülikleýin gyrgynçylyklar we ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak boýunça baş müdiri Kristofer
Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň ýaraglar, köpçülikleýin gyrgynçylyklar we ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak boýunça baş müdiri Kristofer

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro meseleler boýunça geňeşçisi Birleşen Ştatlaryň Eýranyň dünýäniň täsirli ýurtlary bilen baglaşan ýadro ylalaşygyna hormat goýýandygyny, emma Tähranyň ony berk berjaý etmegini isleýändigini aýtdy.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň ýaraglar, köpçülikleýin gyrgynçylyklar we ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak boýunça baş müdiri Kristofer Ford 21-nji martda Waşingtonda geçiren metbugat-konferensiýasynda ABŞ-nyň administrasiýasynyň prezident Trampyň birnäçe geçen eden tankydy çykyşlaryna garamazdan ylalaşygy kabul edýändigini aýtdy. Emma ol Ak Tamyň 2015-nji ýylyň iýul aýynda baglaşylan ylalaşyga, ozalky administrasiýanyň goly astynda ýadro meselesinde baglaşylan beýleki şertnamalar bilen bir hatarda gaýtadan seredýändigini mälim etdi.

Ak Tam tarapyndan gaýtadan garalýan şertnamalaryň arasynda ýadro ýaragyny ýaýbaňlandyrmazlyk barada 1968-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşyk bar.

XS
SM
MD
LG